Samsung moda äýnek brendleri bilen hyzmatdaşlykda Android XR akylly äýneklerini çykarar

  • 28.10.2025 19:42
  • 2.6k+

Samsung Android XR platformasynyň esasynda işleýän täze görnüşli akylly äýneklerini taýýarlap başlandygyny resmi taýdan mälim etdi. Täze enjam giňeldilen hakykat (AR) mümkinçilikleriniň gündelik durmuşda, işde we güýmenjede amatly ýagdaýda ulanylmagyny göz öňünde tutýar.

Google Ozal I/O 2025 konferensiýasynda akylly äýnekleriň dizaýnyny döretmek üçin meşhur äýnek markalary bolan Gentle Monster we Warby Parker bilen hyzmatdaşlykda işleýändigini habar beripdi. Indi bu hyzmatdaşlyga Samsung hem goşuldy.
Warby Parker – ýokary hilli we ulanmak üçin amatly äýnekleri bilen tanalýan laýfstaýl-brend.
Gentle Monster bolsa modany, dizaýny we täze tehnologiýany birleşdirýän stilistik äýnekleri bilen meşhurdyr.
Samsung täze akylly äýnekleriniň dizaýnynyň hem tehnikanyň, hem stil estetikasynyň birleşmegine esaslanjakdygyny belleýär.

Tanyşdyrylyşda Samsung geljek äýnekleriniň içerki displeýsiz görnüşleriniň tizerini hem görkezdi. 9to5google.com-yň maglumatyna görä, ilkinji äýnekler dinamiki ses çykarýan enjamlar, mikrofon, kamera, Android XR platformasynyň akylly hyzmatlaryna birikme ýaly möhüm aýratynlyklara eýe bolar.
Google platformasy şeýle äýnekler üçin terjime, nawigasiýa, habarlaşma we beýleki akylly kömekçi funksiýalary eýýäm hödürleýär.
Täze enjamlar barada doly tehniki maglumatlar we çykarylyş senesi ýakyn wagtda resmi taýdan yglan ediler diýip garaşylýar.


07.03.2026 19:41
6.8k+

Caviar bahasy 11 490 dollara çenli ýetýän Galaxy S26 Ultra kolleksiýasyny çykardy

Caviar kompaniýasy Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonynyň "Totem Collection" diýlip atlandyrylýan täze premium görnüşlerini hödürledi. Bu ýörite seriýa simwoliki jandarlardan, ýagny atdan, ýolbarsdan, möjekden we laçyndan ylham alnyp döredilen modelleri öz içine alýar...

22.08.2023 18:10
18k+

Barbi stilinde bezelen Samsung Galaxy Z Fold, Z Flip 5, iPhone 15 Pro, Apple Watch Series 9 hödürlendi

Russiýanyň gymmat bahaly materiallardan ýasalan enjamlary öndürýän «Caviar» kompaniýasy «Barbi» filminiň we oýnawaçlarynyň stilinde bezelen «Barbiecore» enjamlarynyň toplumyny tanyşdyrdy. Bu önümler barada maglumatlar...

04.04.2026 14:12
7.7k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....

26.03.2026 15:37
7.3k+

Matematika moda aýlawynyň her 20 ýyldan gaýtalanýandygyny tassyklady

Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan......