Barbi stilinde bezelen Samsung Galaxy Z Fold, Z Flip 5, iPhone 15 Pro, Apple Watch Series 9 hödürlendi

  • 22.08.2023 18:10
  • 18k+

Russiýanyň gymmat bahaly materiallardan ýasalan enjamlary öndürýän «Caviar» kompaniýasy «Barbi» filminiň we oýnawaçlarynyň stilinde bezelen «Barbiecore» enjamlarynyň toplumyny tanyşdyrdy. Bu önümler barada maglumatlar brendiň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Ýygyndyda bäş enjam bar: Samsung Galaxy Z Fold we Z Flip 5 eplenýän smartfonlar, iPhone 15 Pro we 15 Pro Max, şeýle hem Apple Watch Series 9.
«Samsung-yň» dizaýny «Glam Vibes» diýlip atlandyryldy. Onuň korpusynyň ýarysy 23 karatlyk gülgüne altyn bilen örtülendir, ol 49 sany rubin daşyny, «Barbi» filmindäki köwşüň nagşyny we gülgüne reňkli emeli sütükden pompony özünde jemleýär. Olaryň bahasy 8,56 müň dollardan başlanýar.
«iPhone 15 Pro» we «Pro Max» smartfonlarynyň dizaýnyna «Stiletto» diýlip at berildi. Bu bezegde smartfonuň kamera blogy, enjamyň gapdal bezegleri, «Caviar» logotipi bolan brelok we arka gapakda ýerleşdirilen filmdäki aýakgabyň şekili gülgüne altyndan ýasaldy. Kamera blogy 61 sany «Swarovski» kristallary bilen çarçuwalanandyr. Olaryň hem bahasy 8 müň dollardan başlanýar.
Özboluşly «Apple Watch» «Hot Pink» diýlip atlandyryldy. Sagadyň korpusy 316L poslamaýan polatdan ýasalyp, gülgüne altyndan PVD gatlak bilen örtülendir. «Digital Crown» düwmesi hem polatdan ýasalyp, gülgüne altyn bilen örtüldi. Bilezik gülgüne reňkli rezinden ýasalandyr. Sagadyň bahasy 1,9 müň dollar.
«Caviar-yň» bu önümlerini öňünden sargyt etmek mümkindir.


21.03.2025 06:13
3.5k+

Caviar şäherlerden ylham alnyp taýýarlanan smartfon kolleksiýasyny hödürledi

Caviar kompaniýasy dünýäniň uly şäherleriniň ruhuny, özboluşlylygyny we gözelligini özünde jemleýän «Horizon» atly täze smartfon kolleksiýasyny hödürledi. Olaryň her birinde ussat zergärlik bilen ýokary hilli materiallar...

22.09.2023 14:18
12k+

Caviar brendi baý reňklerdäki «iPhone 15 Pro-lary» tanyşdyrdy

Gymmat bahaly materiallardan ýasalan özboluşly smartfonlary öndürýän russiýaly öndüriji «Caviar» açyk reňklerde ýerine ýetirilen «iPhone 15 Pro-ny» we «15 Pro Max-y»  öz içine alýan «Rich Colors» atly täze toplumyny...

03.12.2021 00:54
4k+

Apple Music ýylyň iň meşhur aýdymlaryny we aýdymçylaryny saýlady

Apple Music hyzmaty ulanyjylaryň aýdym-saz islegleriniň ýyllyk netijelerini, şeýle hem Apple Music Awards-2021-iň ýeňijilerini yglan etdi. Dürli ýurtlar boýunça jikme-jik maglumat kompaniýanyň web sahypasynda peýda...

04.07.2025 18:53
3.9k+

Louis Vuitton 10 müň dollara halas ediş halkasynyň şekilinde ýantorba çykardy

Louis Vuitton fransuz moda öýi halas ediş halkasynyň şekilinde üýtgeşik ýantorba hödürledi. Onuň bahasy 10 müň dollara barabar. Aksessuar wintaž stilindäki ýazgy bilen brendiň nusgawy reňkinde ýerine ýetirildi, bu hem ony tomusky obraz üçin tüýs laýyk edýär...