Caviar brendi baý reňklerdäki «iPhone 15 Pro-lary» tanyşdyrdy

  • 22.09.2023 14:18
  • 12k+

Gymmat bahaly materiallardan ýasalan özboluşly smartfonlary öndürýän russiýaly öndüriji «Caviar» açyk reňklerde ýerine ýetirilen «iPhone 15 Pro-ny» we «15 Pro Max-y»  öz içine alýan «Rich Colors» atly täze toplumyny hödürledi. Bu barada habar brendiň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.

«Rich Colors» bäş sany bezeg nusgasyndan ybarat. Birinjisi «Dark Red» diýlip atlandyrylýar. Bu nusganyň arka tarapy mermer karbonyndan ýasalyp, «Design by Apple. Customized by Caviar» ýazgyly titan panel bilen üpjün edilendir. Alma şekilli logotip «Van Cleef & Arpels» tarapyndan gara perlamutradan ýasaldy. Ikinji nusga «Starry Night» hem şol materiallardan taýýarlandy. Model diňe arka gapagyň nagşy bilen tapawutlanýar, ol Wan Gogyň «Ýyldyzly gije» suratynyň stilinde ýasalypdyr. Üçünji reňk «Titan Black». Awiasiýa titanyndan ýasalan arka gapagy bilen tapawutlanýar. Dördünji nusga – «Ultra Black» hem uçar titanyndan ýasalan, ýöne gara perlamutradan däl-de, 18 karatlyk altyndan ýasalan logotip bilen üpjün edilen. «Ultra Gold» nusgasy tutuşlygyna altyndan ýasalan arka gapagy bilen tapawutlanýar.
Her bir görnüş 99 nusgadan ybarat çäkli sanda öndüriler. Ähli täze nusgalar öňünden sargyt etmek üçin elýeterlidir. Olaryň satuwy 22-nji sentýabrdan soň başlanar.


düýn 06:13
1.9k+

Caviar şäherlerden ylham alnyp taýýarlanan smartfon kolleksiýasyny hödürledi

Caviar kompaniýasy dünýäniň uly şäherleriniň ruhuny, özboluşlylygyny we gözelligini özünde jemleýän «Horizon» atly täze smartfon kolleksiýasyny hödürledi. Olaryň her birinde ussat zergärlik bilen ýokary hilli materiallar...

22.08.2023 18:10
18k+

Barbi stilinde bezelen Samsung Galaxy Z Fold, Z Flip 5, iPhone 15 Pro, Apple Watch Series 9 hödürlendi

Russiýanyň gymmat bahaly materiallardan ýasalan enjamlary öndürýän «Caviar» kompaniýasy «Barbi» filminiň we oýnawaçlarynyň stilinde bezelen «Barbiecore» enjamlarynyň toplumyny tanyşdyrdy. Bu önümler barada maglumatlar...

03.12.2021 00:54
4k+

Apple Music ýylyň iň meşhur aýdymlaryny we aýdymçylaryny saýlady

Apple Music hyzmaty ulanyjylaryň aýdym-saz islegleriniň ýyllyk netijelerini, şeýle hem Apple Music Awards-2021-iň ýeňijilerini yglan etdi. Dürli ýurtlar boýunça jikme-jik maglumat kompaniýanyň web sahypasynda peýda...

20.03.2025 07:42
1.7k+

Jonatan Anderson Loewe-niň döredijilik müdiri wezipesini terk edýär

Jonatan Anderson Loewe-niň döredijilik müdiri wezipesinden aýrylýar. Ol bu moda öýüne 11 ýyl bäri ýolbaşçylyk edip gelýärdi diýip, «WWD» habar berýär. «Loewe-de işlän ilkinji günümden başlap, men dizaýn studiýasynda...