Apple Music ýylyň iň meşhur aýdymlaryny we aýdymçylaryny saýlady

  • 03.12.2021 00:54
  • 4.1k+

Apple Music hyzmaty ulanyjylaryň aýdym-saz islegleriniň ýyllyk netijelerini, şeýle hem Apple Music Awards-2021-iň ýeňijilerini yglan etdi. Dürli ýurtlar boýunça jikme-jik maglumat kompaniýanyň web sahypasynda peýda boldy. Bu barada rg.ru habar berdi.

Netijede, 2021-nji ýylyň esasy esasy aýdymçysy diýlip kanadaly ýerine ýetiriji The Weeknd-e yglan edildi. Şol bir wagtyň özünde, reýtingi düzüjiler onuň şu ýyl ýekeje reliz hem çykarmandygyny belläp geçdiler.

“Ýylyň üstünligi” hökmünde bolsa 18 ýaşly aýdymçy Oliwiýa Rodrigo ykrar edildi. Ondan öň ol filmde keşp janlandyrypdy, mysal üçin Disneýiň "Peýj we Franki" sitkomynda oýnapdy. 2021-nji ýylyň başynda bolsa ol aýdym-saz hyzmatynda ägirt uly üstünlik getiren ilkinji Drivers License aýdymyny çykardy.

Mundan başga-da, amerikaly aýdymçy we aýdym ýazyjy Gabriela Uilson (lakamy H.E.R.) ýylyň aýdym ýazyjysy hökmünde baýraga mynasyp boldy.


21.03.2025 06:13
3.7k+

Caviar şäherlerden ylham alnyp taýýarlanan smartfon kolleksiýasyny hödürledi

Caviar kompaniýasy dünýäniň uly şäherleriniň ruhuny, özboluşlylygyny we gözelligini özünde jemleýän «Horizon» atly täze smartfon kolleksiýasyny hödürledi. Olaryň her birinde ussat zergärlik bilen ýokary hilli materiallar...

22.09.2023 14:18
12k+

Caviar brendi baý reňklerdäki «iPhone 15 Pro-lary» tanyşdyrdy

Gymmat bahaly materiallardan ýasalan özboluşly smartfonlary öndürýän russiýaly öndüriji «Caviar» açyk reňklerde ýerine ýetirilen «iPhone 15 Pro-ny» we «15 Pro Max-y»  öz içine alýan «Rich Colors» atly täze toplumyny...

22.08.2023 18:10
18k+

Barbi stilinde bezelen Samsung Galaxy Z Fold, Z Flip 5, iPhone 15 Pro, Apple Watch Series 9 hödürlendi

Russiýanyň gymmat bahaly materiallardan ýasalan enjamlary öndürýän «Caviar» kompaniýasy «Barbi» filminiň we oýnawaçlarynyň stilinde bezelen «Barbiecore» enjamlarynyň toplumyny tanyşdyrdy. Bu önümler barada maglumatlar...

06.11.2025 22:07
2k+

Saint Laurent dünýäniň iň köp isleg bildirilýän moda brendi boldy

Saint Laurent 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde Lyst Index tarapyndan düzülen dünýäniň iň köp isleg bildirilýän brendleriniň reýtinginde birinji orny eýeledi. Ol ilkinji gezek Miu Miu we Loewe brendlerinden öňe geçdi diýip, WWD habar berýär...