Dior we Lýuis Hemilton täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi

  • 13.07.2025 18:42
  • 2.9k+

Dior moda öýi “Formula-1-iň” meşhur ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton bilen bilelikde täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi.

Ol Marokkonyň, Senegalyň, Mozambigiň, Beniniň we Madagaskaryň medeniýetlerinden ylham alyp döredildi. Hemilton ýaryş bilen bagly syýahatlarynyň dowamynda bu ýurtlara baryp görüpdi.
Bu kolleksiýa dürli garderob elementleri: kurtkalar, paltolar, trikotažlar, sport kostýumlary, klassyky köýnekler, şeýle-de krossowkalar we aksessuarlar girýär. Her bir predmet agzalyp geçilen afrikan ýurtlarynyň özboluşly däp-dessurlaryny we aýratynlyklaryny görkezmek bilen, olary Dior-yň döwrebap stili bilen utgaşdyrýar.
“Patyşalyk ýaryşlarynyň” ýedi gezek çempiony Hemilton geçen ýylyň iýunynda moda öýüniň ilçisi boldy.


26.04.2025 09:19
6k+

Lýuis Hemilton Dior üçin erkekleriň kolleksiýasyny hödürledi

“Formula-1-iň” ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton Dior bilen bilelikde erkekleriň täze egin-eşik kolleksiýasyny çykardy. Bu barada Women’s Wear Daily habar berýär. Hemiltonyň Marokko, Mozambik, Benin, Madagaskar we Senegal ýaly ýurtlara syýahaty oňa täze kolleksiýany döretmek üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi...

02.10.2024 10:21
4.6k+

Lýuis Hemilton Dior-yň täze mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

“Formula 1-iň” birnäçe gezek çempiony Lýuis Hemilton Dior modalar öýi üçin täze mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde ol döredijilik direktory Kim Jons tarapyndan döredilen erkekler kolleksiýasyny...

16.07.2024 15:18
7.1k+

Lýuis Hemilton “Dioryň” täze ilçisi boldy we öz kapsula kolleksiýasyny çykarar

“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony, “Mersedesiň” sürüjisi Lýuis Hemilton “Dior” fransuz brendiniň ilçisi boldy diýip, WWD ýazýar. Ol moda öýi bilen hyzmatdaşlykda öz ykjam egin-eşik, aýakgap we aksessuar kolleksiýasyny...

17.12.2025 10:34
4k+

Vogue 2025-nji ýylyň iň ýaraşykly stili bolan adamlaryny atlandyrdy

Vogue amerikan neşiri ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň gowy geýnen adamlarynyň sanawyny hödürledi. Atlaryň sanawy we iň gowy obrazlaryň suratlary žurnalyň saýtynda ýerleşdirildi. Reýtinge moda, kino, aýdym-saz, syýasat we işewürlik pudagyndan 50 töweregi şahsyýet girdi...