Lýuis Hemilton Dior üçin erkekleriň kolleksiýasyny hödürledi

  • 26.04.2025 09:19
  • 5.9k+

“Formula-1-iň” ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton Dior bilen bilelikde erkekleriň täze egin-eşik kolleksiýasyny çykardy. Bu barada Women’s Wear Daily habar berýär.

Hemiltonyň Marokko, Mozambik, Benin, Madagaskar we Senegal ýaly ýurtlara syýahaty oňa täze kolleksiýany döretmek üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi. Britaniýaly ýaryşa gatnaşyjy bu ýurtlara geçen ýyl baryp gördi. Onuň sözlerine görä, ony ýerli halklaryň taryhy we medeniýeti ruhlandyrdy we ol muny modanyň üsti bilen görkezmek kararyna geldi.

“Afrofuturizm maňa bu kolleksiýany görkezmegiň iň gowy usuly bolup göründi. Men afroamerikan medeniýetiniň geljegini göz öňüne getirmäge ruhlandyran köp sanly täsin wakalary eşitdim. Biziň sungatyň, ylmyň we filosofiýanyň üsti bilen taryhy gürrüň berip bilmegimiziň özi, hakykatdanam, üýtgeşik. Meni bu pikirleriň reňkleriň we hereketleriň kömegi bilen durmuşa geçirilmegi ruhlandyrdy” – diýip, Hemilton paýlaşdy.

Dior kolleksiýanyň Lýuisiň diňe bir sport stilini däl, eýsem has şahsy tarapyny-da görkezýändigini belleýär.
Kolleksiýanyň stili ýiti reňkleri, haýwanlaryň şekillerini, erkin biçüwi we dürli elementleriň sazlaşygyny birleşdirýär. Oňa aýakgaplar we torbalar hem girdi.
Bu Hemilton bilen Dior-yň ilkinji hyzmatdaşlygy däl. 2024-nji ýylyň güýzünde Hemilton brendiň mahabat kampaniýasyna gatnaşdy we ýaryşlardan öňki çärelerde Dior-yň eşiginde peýda boldy.


13.07.2025 18:42
2.3k+

Dior we Lýuis Hemilton täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi

Dior moda öýi “Formula-1-iň” meşhur ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton bilen bilelikde täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi. Ol Marokkonyň, Senegalyň, Mozambigiň, Beniniň we Madagaskaryň medeniýetlerinden ylham alyp döredildi...

02.10.2024 10:21
4.5k+

Lýuis Hemilton Dior-yň täze mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

“Formula 1-iň” birnäçe gezek çempiony Lýuis Hemilton Dior modalar öýi üçin täze mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde ol döredijilik direktory Kim Jons tarapyndan döredilen erkekler kolleksiýasyny...

16.07.2024 15:18
7k+

Lýuis Hemilton “Dioryň” täze ilçisi boldy we öz kapsula kolleksiýasyny çykarar

“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony, “Mersedesiň” sürüjisi Lýuis Hemilton “Dior” fransuz brendiniň ilçisi boldy diýip, WWD ýazýar. Ol moda öýi bilen hyzmatdaşlykda öz ykjam egin-eşik, aýakgap we aksessuar kolleksiýasyny...

04.07.2025 18:53
4.9k+

Louis Vuitton 10 müň dollara halas ediş halkasynyň şekilinde ýantorba çykardy

Louis Vuitton fransuz moda öýi halas ediş halkasynyň şekilinde üýtgeşik ýantorba hödürledi. Onuň bahasy 10 müň dollara barabar. Aksessuar wintaž stilindäki ýazgy bilen brendiň nusgawy reňkinde ýerine ýetirildi, bu hem ony tomusky obraz üçin tüýs laýyk edýär...