Lýuis Hemilton “Dioryň” täze ilçisi boldy we öz kapsula kolleksiýasyny çykarar

  • 16.07.2024 15:18
  • 7.1k+

“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony, “Mersedesiň” sürüjisi Lýuis Hemilton “Dior” fransuz brendiniň ilçisi boldy diýip, WWD ýazýar.

Ol moda öýi bilen hyzmatdaşlykda öz ykjam egin-eşik, aýakgap we aksessuar kolleksiýasyny çykarar. Olaryň relizi 17-nji oktýabra meýilleşdirilýär.
Hemilton kolleksiýany döretmekde esasy ylhamyň soňky ýyllar baryp gören Afrika yklymy bolandygyny belledi. Egin-eşikleriň 80%-i ekologiýa taýdan arassa materiallardan taýýarlanar, kolleksiýanyň bir bölegi bolsa snoubordinge we dag lyža sportuna bagyşlanar.
Hemilton kolleksiýany döretmek üçin “Dioryň” erkekler hatarynyň döredijilik müdiri Kim Jons bilen bilelikde işleýär. Käbir matalar Afrika ýurtlarynda, aýratynam Burkina-Fasoda öndürildi.
Lýuis Hemilton özüniň moda bolan gyzyklanmasy bilen bellidir, ol ençeme gezek moda görkezişlerine-de gatnaşdy. Ol häzirki wagtda “Formula-1-iň” sürüjileriniň umumy sanawynda sekizinji orny eýeleýär, onuň hasabynda 110 utuk bar. Çempionatda birinji orny “Red Bulldan” Maks Werstappen eýeleýär (255 utuk).


22.10.2025 14:11
3.1k+

Casio “Formula-1-den” ylham alan täze sagatlaryny hödürledi

Casio “Formula-1” bolidleriniň dizaýnyndan ylham alan täze Edifice Sospensione sagat seriýasyny çykardy. Modeller sport stilini tehniki nepislik bilen utgaşdyryp, Edifice hatarynyň adaty funksiýalaryny saklaýar diýip, Notebookcheck...

13.07.2025 18:42
2.9k+

Dior we Lýuis Hemilton täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi

Dior moda öýi “Formula-1-iň” meşhur ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton bilen bilelikde täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi. Ol Marokkonyň, Senegalyň, Mozambigiň, Beniniň we Madagaskaryň medeniýetlerinden ylham alyp döredildi...

26.04.2025 09:19
6k+

Lýuis Hemilton Dior üçin erkekleriň kolleksiýasyny hödürledi

“Formula-1-iň” ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton Dior bilen bilelikde erkekleriň täze egin-eşik kolleksiýasyny çykardy. Bu barada Women’s Wear Daily habar berýär. Hemiltonyň Marokko, Mozambik, Benin, Madagaskar we Senegal ýaly ýurtlara syýahaty oňa täze kolleksiýany döretmek üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi...

25.02.2025 17:12
3.8k+

Louis Vuitton “Formula 1-iň” esasy baýragy üçin kaşaň çemodan döretdi

Louis Vuitton “Formula 1-iň” 75 ýyllygy mynasybetli ýaryşlaryň esasy kubogy üçin kaşaň çemodan ýasady. Bu üýtgeşik çemodan ýylyň ahyrynda kubok bilen birlikde möwsümiň ýeňijisine gowşurylar diýip, HypeBeast habar...