Louis Vuitton “Formula 1-iň” esasy baýragy üçin kaşaň çemodan döretdi

  • 25.02.2025 17:12
  • 3.7k+

Louis Vuitton “Formula 1-iň” 75 ýyllygy mynasybetli ýaryşlaryň esasy kubogy üçin kaşaň çemodan ýasady. Bu üýtgeşik çemodan ýylyň ahyrynda kubok bilen birlikde möwsümiň ýeňijisine gowşurylar diýip, HypeBeast habar berýär.

Çemodanyň daşky bezegi fransuz modalar öýüniň tanalýan monogrammaly derisinden edildi.
Anýerdäki taryhy atelýeniň dizaýnerleri çemodana markanyň adyny we ýeňşi (Victory) alamatlandyrýan “V” harpyny goşdular. Bu ajaýyp dizaýn 1860-njy ýyllarda Louis Vuitton çemodanlarynda ulanylan latun burçlar we gulplar bilen tamamlanýar.
Çemodanyň içi kubogy zeperden ygtybarly gorajak ýumşak gara deri we mikrofibra bilen örtülendir. Louis Vuitton bilen “Formula 1-iň” arasyndaky hyzmatdaşlyk birnäçe ýyl bäri dowam edýär. Olar 2021-2024-nji ýyllar aralygynda sport kuboklar ýygyndysyny, şeýle hem egin-eşikleriň we aýakgaplaryň çäkli kolleksiýalaryny çykardylar.







19.02.2025 14:41
1.8k+

“Formula 1-iň” sürüjisi Pýer Gasli Givenchy Beauty-niň ýüzi boldy we täze atyry hödürledi

“Formula 1-iň” Alpine toparynyň fransiýaly sürüjisi Pýer Gasli Givenchy Beauty-niň global ilçisi boldy. Sürüji Gentleman Society Eau de Parfum Ambrée adyny alan täze atyry hödürleýär diýip, WWD habar berýär. Bu...

16.10.2024 18:26
2.8k+

Lando Norris Ralph Lauren-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

“Aston Martin” topary üçin çykyş edýän Formula 1-iň iňlis sürüjisi Lando Norris Ralph Lauren Fragrances brendiniň täze ilçisi boldy. Bu barada amerikan atyr öndürijisiniň metbugat gullugy habar berdi. Norris Polo...

16.07.2024 15:18
7k+

Lýuis Hemilton “Dioryň” täze ilçisi boldy we öz kapsula kolleksiýasyny çykarar

“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony, “Mersedesiň” sürüjisi Lýuis Hemilton “Dior” fransuz brendiniň ilçisi boldy diýip, WWD ýazýar. Ol moda öýi bilen hyzmatdaşlykda öz ykjam egin-eşik, aýakgap we aksessuar kolleksiýasyny...

27.06.2025 23:34
2.6k+

«Ýadro gyşy» Vogue bilen hoşlaşýar: Anna Wintur baş redaktorlyk wezipesinden çekilýär

Britaniýaly žurnalist we moda dünýäsiniň iň täsirli şahsyýetleriniň biri hasaplanýan Anna Wintur «Vogue» amerikan žurnalynyň baş redaktory wezipesinden çekilýär. Ol bu wezipede 37 ýyl işledi diýip, «Condé Nast» mediakompaniýasyna salgylanyp, CNN habar berýär...