Casio “Formula-1” bolidleriniň dizaýnyndan ylham alan täze Edifice Sospensione sagat seriýasyny çykardy. Modeller sport stilini tehniki nepislik bilen utgaşdyryp, Edifice hatarynyň adaty funksiýalaryny saklaýar diýip, Notebookcheck.net portaly ýazýar.
Sagat korpusy alýumin ergininden ýasaldy. Dizaýn bolsa şassini ýada salýan elementler bilen ýaryş awtomobiliniň podweska gurluşyny görkezýär. Köp gatly siferblat mehanizmiň içki detallaryny görmäge mümkinçilik berýär.
Sagatlarda hronograf bar. Şeýle-de, olar 100 metre çenli suwdan goraga eýe we kwars mehanizminde işleýär. Sagatlar gyzyl, gök we gara öwüşginler bilen bezelen bolup, bu seriýanyň sport häsiýetini görkezýär.
Casio “Formula-1-iň” toparlary bilen öňem hyzmatdaşlyk etdi. Täze Edifice Sospensione seriýasy bu däbi dowam etdirip, tizligi söýüjiler üçin stil bilen funksionaly utgaşdyrýar.
