“Formula 1-iň” sürüjisi Pýer Gasli Givenchy Beauty-niň ýüzi boldy we täze atyry hödürledi

  • 19.02.2025 14:41
  • 1.8k+

“Formula 1-iň” Alpine toparynyň fransiýaly sürüjisi Pýer Gasli Givenchy Beauty-niň global ilçisi boldy. Sürüji Gentleman Society Eau de Parfum Ambrée adyny alan täze atyry hödürleýär diýip, WWD habar berýär.

Bu atyry parfýumer Karin Dýubreý-Sereni döretdi. Atyr Peru melheminiň, opopanaksyň, Madagaskar waniliniň, deriniň, temmäkiniň we sandal agajynyň ys öwüşginlerini özünde jemleýär.
Gasli: “Meniň üçin Givenchy nepisligi we batyrlygy aňladýar. Bu marka özüňe ynanmak we diňe öňe gitmek sungatynyň sinonimidir, bu bolsa meniň durmuş pelsepäme laýyk gelýär”.


25.02.2025 17:12
3.8k+

Louis Vuitton “Formula 1-iň” esasy baýragy üçin kaşaň çemodan döretdi

Louis Vuitton “Formula 1-iň” 75 ýyllygy mynasybetli ýaryşlaryň esasy kubogy üçin kaşaň çemodan ýasady. Bu üýtgeşik çemodan ýylyň ahyrynda kubok bilen birlikde möwsümiň ýeňijisine gowşurylar diýip, HypeBeast habar...

16.10.2024 18:26
2.9k+

Lando Norris Ralph Lauren-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

“Aston Martin” topary üçin çykyş edýän Formula 1-iň iňlis sürüjisi Lando Norris Ralph Lauren Fragrances brendiniň täze ilçisi boldy. Bu barada amerikan atyr öndürijisiniň metbugat gullugy habar berdi. Norris Polo...

16.07.2024 15:18
7k+

Lýuis Hemilton “Dioryň” täze ilçisi boldy we öz kapsula kolleksiýasyny çykarar

“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony, “Mersedesiň” sürüjisi Lýuis Hemilton “Dior” fransuz brendiniň ilçisi boldy diýip, WWD ýazýar. Ol moda öýi bilen hyzmatdaşlykda öz ykjam egin-eşik, aýakgap we aksessuar kolleksiýasyny...

düýn 17:24
1.5k+

Prada täze Couleur Vivante şaý-sepler toplumyny satuwa çykarar

Prada brendi täze Couleur Vivante şaý-sepler toplumynyň satuwa çykarylýandygyny habar berdi. Ol oktýabr aýynda satuwa çykar. Ýygyndyda ametistlerden, akwamarinlerden, hrizolitlerden, gülgüne morganitlerden we madeýra sitrininden ýasalan gulakhalkalar, ýüzükler, bilezikler we monjuklar bar...