Matematika moda aýlawynyň her 20 ýyldan gaýtalanýandygyny tassyklady

  • 26.03.2026 15:37
  • 7.8k+

Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan geýimleriniň, takmynan, 37 000 suratynyň seljermesine esaslanýar.

Alymlar etegiň uzynlygyndaky, dilikleriň formasyndaky we biliň çyzyklaryndaky üýtgeşmeleri öwrendiler. Bu ölçegler sanly maglumatlara geçirildi we bir asyrdan gowrak wagtyň dowamynda olaryň ösüşi yzarlandy.

Netijeler stilleriň kem-kemden meşhur bolýandygyny, soňra modadan gaçýandygyny we ahyrsoňy gaýtadan gaýdyp gelýändigini görkezdi. Bu aýlaw adamlaryň bir wagtyň özünde tapawutlanmak we başgalara laýyk gelmek islegi bilen baglanyşyklydyr.

Barlagyň baş awtory Emma Zaýdela Denwerde geçirilen ylmy sammitde gelen netijelerini tanyşdyrdy.

"Bilşimiz ýaly, bu ilkinji gezek kimdir biriniň bir asyrdan gowrak wagt bäri dowam edýän moda tendensiýalarynyň şeýle giňişleýin we takyk maglumat bazasyny döretmegidir" – diýip, ol belledi.

Şeýle-de bolsa, soňky onýyllyklarda bu bütewi meýil has az duýulýar. Häzirki wagtda bir wagtyň özünde dürli stiller hereket edýär, bu bolsa modanyň dürli-dürliliginiň artýandygyny görkezýär.


düýn 17:04
1.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....