Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

  • 16.04.2026 22:53
  • 1.9k+

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär.

2024-nji ýyldan bäri brendiň hyzmatdaşy bolan Zendeýa bu taslamany özüniň meşhur stilisti Lou Rouch bilen bilelikde döretdi. Täze toplumyň mahabaty üçin režissýor Spaýk Jons tarapyndan düşürilen «Düýşleriň şekili» («Shape of Dreams») atly üç minutlyk gysga film taýýarlandy.

Toplum jemi ýedi sany esasy geýimden we aýakgapdan ybarat. Eşiklere trikotaž köýnekçeler, ýeňil kurtkalar, midi-ýubkalar we giň «paraşýut» balaklar girýär. Aýakgap bolsa brendiň meşhur Cloudnova Moon modeliniň täzelenen görnüşidir.

Döredijileriň aýtmagyna görä, kolleksiýadaky aýakgap bilen eşikler biri-birine utgaşyp, bütewi bir keşbi emele getirmeli. Suratçy Şon Tomas tarapyndan düşürilen mahabat suratlaryň «Düýşleriň barlaghanasy» («The Dream Lab») atly fantastik giňişlikde amala aşyrylmagy-da lybaslaryň görnüş täsirliligini artdyrdy.

Aslynda bu Zendeýanyň On brendi bilen ilkinji işi däldir. Geçen tomusda aktrisanyň gatnaşmagynda satuwa çykarylan «Cloudzone Moon» krossowkalary-da hyrydarlaryň arasynda uly şüweleň döredipdi.


düýn 17:04
1.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....