Denim estetikasy ýüzüne siňen Lili-Rouz Depp Chanel-iň täze «Coco Denim» kolleksiýasyny görkezdi

  • 02.03.2026 16:04
  • 1.4k+

Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi.

Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär. Olaryň arasynda jins öwüşginleriň ähmiýetini nygtaýan goşa çyzykly sürmeler, ýeňiljek ýalpyldaýan mawy göz galamlary we indigo reňkli dyrnak boýagy aýratyn saýlanýar.

Çäklendirilen toplum brendiň meşhur önümleriniň täzelenen görnüşlerini hem öz içine aldy. Täzelikleriň arasyndaky «Les 4 Ombres» göz galamy palitrasy we ýagty mawy reňkdäki «Coco Denim» haýlaýteri şeýle hem mawy «Noir Allure» kirpik boýagy we suwa durnukly göz galamy bar. «Rouge Coco Flash» asman mawy dodak boýagy we täzelenen dizaýndaky «La Crème Main» el kremi hem örän özüneçekiji.

Chanel-iň klassyk nepisligi bilen 2000-nji ýyllaryň estetikasyna öwrülen döwrebap trendiň bu utgaşygy eýýäm köplerde gyzyklanma döretdi.

Gözellik serişdeleriň bahasy 53 dollardan 90 dollara çenli üýtgeýär.


05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....