Türkmen modelýeri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa Er-Riýadda fransuz kutýurýesi bilen bilelikdäki toplumyny görkezdi

  • 07.02.2026 10:47
  • 11k+

Türkmen dizaýneri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa, Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde 4-nji we 8-nji fewral aralygynda geçirilýän «Oriental Fashion Show» çäresiniň çäklerinde fransuz kutýurýesi Klod Patrik bilen bilelikde taýýarlan lybas toplumyny görkezdi. Bu barada çäräniň sosial ulgamlarynda habar berilýär.
Bu hyzmatdaşlyk türkmen milli geýminiň däpleri bilen Ýewropa modasynyň döwrebap çemeleşmelerini bir ýere jemledi. Görkeziş dürli ýurtlaryň we medeniýetleriň dizaýnerleriniň arasynda gepleşikleri ösdürmäge gönükdirilen «Oriental Fashion Show» halkara maksatnamasynyň bir bölegi boldy.
DigitalNews Fashion neşiri bu toplumy «tomaşaçylary haýran galdyryp bilen, güýçli medeni utgaşmadan dörän aňrybaş fransuz-türkmen hyzmatdaşlygy» diýip atlandyrdy.

Göwher Güwerne-Pirkulyýewa milli ähenleri döwrebap estetika bilen utgaşdyrýan lybaslary bilen meşhurdyr. Dizaýner Parižde we Sankt-Peterburgda hünär tejribesini alyp, ençeme halkara taslamalara gatnaşdy.
Fransuz dizaýneri Klod Patrik bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde sypaýy görnüşlere we häzirkizaman şekillere aýratyn üns berdi. Hut şunuň özi-de toplumyň özboluşly hem sazlaşykly görünmegine uly täsir etdi.
«Oriental Fashion Show» — 2004-nji ýylda esaslandyrylan halkara moda taslamasydyr. Ol hereket edýän döwrüniň içinde 50 ýurtdan 100-den gowrak dizaýneri dünýä tanymal etdi  we moda äleminde medeniýetara gatnaşyklaryň ösdürilmegine öz mynasyp goşandyny goşdy.


05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....