3.2k+

Meta akylly äýnekleriniň adamlary gizlin synlaýanlygynda aýyplanýar

Meta korporasiýasy ABŞ-da emeli aňly «akylly» äýneklerini ulanmakda gizlinlik düzgünleriniň bozulmalary bilen bagly kazyýet şikaýaty bilen ýüzbe-ýüz boldy. Muňa Şwesiýanyň Svenska Dagbladet we Göteborgs-Posten gazetlerinde çap edilen makalalar sebäp boldy...

3.6k+

Adamzat taryhynda ilkinji gezek asman jisiminiň Gün daşyndaky orbitasy üýtgedildi

Halkara astronomlar topary NASA-nyň DART kosmos zondunyň Dimorf asteroidi bilen çaknyşmagynyň Didim we Dimorf goşa asteroidler ulgamynyň Gün daşyndaky hereket traýektoriýasyny üýtgedendigini tassyklady. Illinoýs ştatynyň uniwersitetinden Rahil Makadiýanyň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar 2022-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň martyna çenli bolan döwürde 22 sany okkultasiýa wakasyny seljerdiler...

1.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň HGI-de zenanlaryň diplomatiýadaky orny barada dialog geçirildi

10-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin guralan ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde amala aşyryldy...

1.5k+

Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer

Google kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawdan «aşa hapalaýjylary» aýyrmak üçin 50 million dollar sarp etmäge borçlandy. Bu barada «Datacenter Dynamics» neşiri habar berýär. Super Pollutant Action başlangyjynyň çäklerinde korporasiýa klimat üçin kömürturşy gazyndan hem has howply bolan metan we ftorly gazlara garşy göreşmäge ünsi jemlär...

4.8k+

HBO «Garri Potter» serialynyň täze aktýorlaryny tanyşdyrdy

HBO kompaniýasy «Garri Potter» älemine esaslanýan täze serialda talyplaryň rollaryny janlandyrjak aktýorlary mälim etdi. Tomaşaçylara taslamanyň birinji möwsüminde Hogwarts mekdebiniň dört fakultetinde okaýan gahrymanlar görkezildi...

2.8k+

Alymlar ýyldyzly asmanyň 2000 ýyllyk gadymy kartasyny dikeldýärler

Alymlar ýyldyzly asmanyň iň gadymy kartalarynyň birini täzeden dikeltmäge synanyşýarlar. Bu katalog gadymy grek astronomy Gipparh tarapyndan biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda, ýagny teleskoplar peýda bolmazdan has öň düzülipdir diýip çaklanýar...

2.4k+

Netflix Ben Afflegiň startapyny satyn alýar

Netflix kompaniýasy kino senagaty üçin emeli aň esasyndaky gurallary işläp taýýarlaýan "InterPositive" tehnologik startapyny satyn alýandygyny yglan etdi. Bu geleşik kompaniýanyň film we serial önümçiliginde neýroulgam tehnologiýalaryny has işjeň ulanmaga bolan ymtylyşyny aýdyň görkezýär...

5.5k+

Hindistanda badminton topunyň şekilinde bina guruldy

Hindistanyň Bhubaneşwar şäherinde «Archohm» arhitektura studiýasy Milli badminton akademiýasynyň binasynyň gurluşygyny tamamlady. Toplum badminton oýnunda esasy gural hökmünde ulanylýan wolana çalymdaş şekilde guruldy...

4.1k+

Pekinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisinden soň, Türkmenistanyň wekiliýeti Pekindäki Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär...

1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

3.7k+

Valve kompaniýasy kiber-sport ýaryşlarynda «CS:GO» oýnuny ulanmagy gadagan etdi

Dust2.us neşiriniň habar bermegine görä, Valve kompaniýasy «Counter-Strike: Global Offensive» (CS:GO) boýunça kiber-sport turnirlerini geçirmäge mundan beýläk rugsatnama bermezlik barada karar kabul etdi. Mundan ozal Valve oýnuň nusgawy görnüşini «Counter-Strike 2-den» aýryp, «CS:GO» üçin ýörite aýratyn identifikator (App ID) döredipdi...

22k+

Polşanyň tokaýlarynda gizlenip galan orta asyr şäherçesi tapyldy

Arheologlar Polşanyň günorta-gündogarynda örän gowy saklanan Kaplonosy Koloniýa – orta asyr şäherçesini ýüze çykardylar. Bu taryhy ýadygärlik Wlodawa şäheriniň golaýyndaky gür tokaýlaryň içinde nije asyrlap adam nazaryna ilmän saklanyp galypdyr...

2.5k+

Pixar öz taryhynda ilkinji gezek doly göwrümli mýuzikl taýýarlaýar

Pixar animasiýa studiýasy taryhynda ilkinji multfilm-mýuziklini taýýarlaýar. Bu barada The Wall Street Journal habar berýär. 2017-nji ýylda surata düşürilen "Kokonyň syry" filmi saz bilen berk baglanyşyklydy, ýöne täze taslama doly göwrümli sazly iş bolar...

3.6k+

Jeýms Kemeron «Awataryň» dowamy barada duýdansyz beýanat berdi

Režissýor Jeýms Kemeron «Awatar» filminiň dördünji we bäşinji bölümleriniň ekranlara çykmazlygynyň mümkindigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, taslamanyň dowamlylygy «Awatar: Ot we kül»  filminiň girdejisiniň ýagdaýyna bagly bolar...

8.8k+

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynda gelin-gyzlary gutlady

Halkara zenanlar gününiň bellenilýän säherinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda zenanlaryň baýramy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi...

4k+

Týorneriň kartinasy 200 ýyldan soň ilkinji gezek köpçülige görkeziler

Britaniýaly suratkeş Uilliam Týorneriň ilkinji işleriniň biri iki asyryň dowamynda ilkinji gezek köpçülige görkeziler. "Abergawenni köprüsi" (1798) atly akwarel bilen çekilen kartinasy suratkeşiň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli Gainsborough’s House muzeýindäki sergide görkeziler...

2.4k+

Demirgazyk Osetiýada iki müň ýyllyk Pazyryk halysy täzeden dikeldildi

Demirgazyk Osetiýada, Alaniýa Respublikasynyň Milli muzeýinde meşhur bäşinji Pazyryk tümmeginden tapylan keçe halynyň takyk nusgasy tanyşdyryldy. Biziň eramyzdan öňki V–IV asyrlarda döredilen asyl nusga häzirki wagtda Sankt-Peterburgdaky Döwlet Ermitažynda saklanýar...

1k+

Pixar «Nägehanlar korporasiýasy» älemi boýunça täze multfilm taýýarlaýar

Pixar animasiýa studiýasy «Nägehanlar korporasiýasy» (Корпорация монстров) älemi boýunça täze doly metražly filmiň üstünde işleýär. Bu barada «The Wall Street Journal» neşiri studiýanyň «Bökegenler» (Прыгуны) atly täze multfilminiň çykmagynyň öňüsyrasyndaky işi barada taýýarlan makalasynda habar berdi...

3.9k+

Alymlar çepbekeýleriň bäsdeşlige has meýillidiginiň sebäbini tapdylar

Näme üçin boks, gylyçlaşmak ýa-da tennis boýunça çempionlaryň arasynda çepbekeýler has köp duş gelýär? Täze ylmy barlaglar munuň sebäbiniň fiziki ukyplarda däl-de, eýsem psihologiýada ýatandygyny görkezdi. Scientific Reports ylmy žurnalynda çap edilen netijelere görä, köplenç çepbekeýler bäsdeşlige has meýilli bolýarlar...

6.2k+

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ABŞ-dan öňe geçdi

Hytaý baýlygy 1 milliard dollardan geçýän adamlaryň sany boýunça ýene-de dünýäde birinji orna çykdy. Bu barada Hurun gözleg kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan «Hurun Global Rich List 2026» hasabatynda bellenilýär...

2.8k+

«Kesgir gaşlar: Ölmez adam» filmi tankytçylardan ýokary baha aldy

Internetde «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» (Острые козырьки: Бессмертный человек) filmi barada ilkinji synlar peýda boldy. Filmiň Netflix platformasyndaky premýerasy 20-nji marta meýilleşdirilýär. Tankytçylar meşhur serialyň dowamy bolan doly metražly filme, umuman, oňyn baha berdi...

4.8k+

Chupa Chups daşyny açyp bolmaýan, otda ýakyp bolmaýan süýji hödürleýär

Dünýä belli Chupa Chups brendi açylmasy diýseň kyn bolan, täsin we adaty bolmadyk üýtgeşik süýjini hödürledi. Bu taslama brendiň täze we has aňsat açylýan gaplamasynyň mahabat kampaniýasynyň bir bölegi boldy. Ters düşünje arkaly amala aşyrylan bu taslama, adaty süýjiniň daşyny açmagyň hem nähili «kyn» bolup biljekdigini görkezmek üçin döredildi...

14k+

Tejende döwrebaplaşdyrylan şäher awtomenzili açyldy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi. Binanyň durkuny täzelemek işleri ýolagçy gatnatmak hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we şäheriň ulag düzümini ösdürmek maksady bilen amala aşyryldy diýip, Awtomobil ulaglary ministrligi habar berýär...