Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

  • 11.03.2026 10:27
  • 5.8k+

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady.

Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer. Arhitektorlar relýefiň üstünden uzap gidýän gurluşy teklip etdiler. Fasadda uly aýna gözaralar bar.

Binanyň daşky örtügi ýarym dury polikarbonatdan ýasalýar. Gündizlerine material Gün şöhlesiniň geçmegine mümkinçilik berýär, gijelerine bolsa fasad içerden ýumşak şöhle saçýar.

Binada bäş gat okuw otaglary we iş ýerleri bolar. Giňişlik üç atriumyň töwereginde gurnalan. Binada aýratyn ýyladyş we sowadyş ulgamlary, wentilýatorlar we polasty ýyladyş ulgamlary bolar, bu bolsa toplumyň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaly.

MVRDV — 1993-nji ýylda Winy Maas, Ýakob wan Reýs we Natali de Wris tarapyndan esaslandyrylan golland binagärlik firmasydyr. Bu studiýa jemgyýetçilik binalary, ýaşaýyş jaýlary we şäher giňişlikleri üçin dizaýnlary bilen tanalýar. Onuň amala aşyran taslamalaryna Rotterdamdaky Markthal hem-de Ýewropadaky we Aziýadaky medeni merkezler girýär.


düýn 20:34
1.1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.2k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.3k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......

22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......