Türkmenistanyň DIM-iniň HGI-de zenanlaryň diplomatiýadaky orny barada dialog geçirildi

  • 10.03.2026 19:28
  • 1.9k+

10-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin guralan ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Dialog BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Oňa halkara guramalaryň ýurtdaky wekilhanalarynyň we halkara düzümleriň zenan işgärleri, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky ilçisi Rana Abu Hijleh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Legari, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, şeýle hem ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär kätibi Çynar Rüstemowa çykyş etdi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary öňe sürmekdäki we halkara gatnaşyklarynda ynamdar dialogy ösdürmekdäki ähmiýetini belledi. Ýurduň Bitaraplygyna esaslanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesiniň zenanlaryň diplomatiýadaky ornuny hem-de olaryň sebitde parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygy nygtaldy.

Şeýle hem zenanlaryň döwlet dolandyryşyndaky we halkara hyzmatdaşlygyndaky hünär işjeňliginiň dünýäniň durnukly ösüşine täsir edýändigi bellenildi.

Okuw maslahaty gatnaşyjylaryň arasynda tejribe alyşmak we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynda zenanlaryň tutýan ornuny maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.


30.04.2026 11:14
2.4k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......

15.04.2026 15:51
3k+

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

25-nji aprelde Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar. Onuň dowamynda Adalat ministrliginiň, prokuraturanyň we kazyýetiň hünärmenleri raýatlaryň hukuk bilen bagly soraglaryna jogap......

14.04.2026 16:19
1.8k+

Tokioda türkmen milli lybaslarynyň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Tokionyň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde 10-njy aprelde gadymy türkmen milli lybaslarynyň, el işleriniň, keşdeçilik we zergärçilik önümleriniň sergisi açyldy. Çäre «Merkezi Aziýanyň el işleri»......

11.04.2026 15:04
8.9k+

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze döwrebap bazar gurlar

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap bazar gurlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň degişli......