Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze döwrebap bazar gurlar

  • 11.04.2026 15:04
  • 8.9k+

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap bazar gurlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň degişli teklibini makullady.

Taslama ýurduň söwda toplumyny ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar we ilatyň uly isleg bildirilýän harytlar bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Wise-premýer Nökerguly Atagulyýewiň habar bermegine görä, ýakyn wagtda Lebap welaýatynda 12 sany täze hususy önümçilik kärhanasyny açmak meýilleşdirilýär, bu bolsa goşmaça 311 iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda welaýatda degişli ministrligiň garamagyndaky 860 sany söwda, jemgyýetçilik iýmiti we önümçilik nokady hereket edýär. Şeýle hem sebitde 6 sany önümçilik kärhanasy we «Türkmenhaly» birleşiginiň önümhanalary işleýär. Hususy ulgam hem işjeň orun eýeleýär: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli 79 sany ugurdaş desga bar.

Maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgamlary, şol sanda elektron söwdany hem-de eltip bermek hyzmatlaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki bazary azyk we beýleki harytlar bilen doldurmagyň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany sebitiň ilatyna hödürlenilýän söwda hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.


düýn 23:23
458

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

26.04.2026 13:51
2.8k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

26.04.2026 13:44
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......

25.04.2026 07:42
7.7k+

Maý aýynda ýurdumyzda nähili dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda şanly seneler mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa anna......