Tokioda türkmen milli lybaslarynyň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

  • 14.04.2026 16:19
  • 1.8k+

Tokionyň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde 10-njy aprelde gadymy türkmen milli lybaslarynyň, el işleriniň, keşdeçilik we zergärçilik önümleriniň sergisi açyldy. Çäre «Merkezi Aziýanyň el işleri» şygary astynda geçirilýär. Sergi 11-nji aprelden 14-nji iýuna çenli tomaşaçylar üçin elýeterli bolar.

Serginiň maksady Tokio şäheriniň ýaşaýjylaryny Hirosima prefekturasynyň Sungat muzeýiniň gorunda saklanýan türkmen eserleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň medeni mirasyny açyp görkezmekdir.

Sergide 200-e golaý kümüş şaý-sepler, milli keteni lybaslary, zenanlaryň nagyşly çyrpylary we beýleki el işleri görkezilýär.

Iňlis atşynaslary tarapyndan ýygnalan türkmen atlarynyň şaý-sepleri we esbaplary sergide aýratyn orun eýeleýär.

Bu çäre «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp guraldy.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......