Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

  • 15.04.2026 15:51
  • 3.1k+

25-nji aprelde Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar. Onuň dowamynda Adalat ministrliginiň, prokuraturanyň we kazyýetiň hünärmenleri raýatlaryň hukuk bilen bagly soraglaryna jogap berer.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bu çäre Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Baş prokuraturasy, Ýokary kazyýeti we Aşgabat şäher aklawçylar kollegiýasynyň agzalary tarapyndan bilelikde guralýar. Onuň maksady hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde ilata hünär derejesinde maslahatlary bermekden ybarat.

Raýatlaryň kabul edişligi günüň birinji ýarymynda — sagat 9:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň edara binasynda geçiriler.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 150-nji jaý.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 39-19-20, 39-19-21.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......