Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

  • 30.04.2026 11:14
  • 2.5k+

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Diplomatlar bu saparyň özara bähbitli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetini belledi. Syýasy-diplomatik gepleşikleri, şol sanda ýokary we iň ýokary derejedäki özara saparlaryň hasabyna işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Duşuşykda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklar maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy ýurduň halkara başlangyçlaryna berilýän goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi we Seýşeller Respublikasyny Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulmaga çagyrdy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

Diplomatlar, şeýle hem, bilelikdäki işewürlik forumlaryny, sergileri we ýarmarkalary geçirmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda, esasan hem ulag, dokma senagaty, syýahatçylyk ýaly ulgamlarda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdi.

Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdy. Medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada syn berildi. Iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda duşuşyklary guramak hem-de Aşgabatda we Wiktoriýada Medeniýet günlerini geçirmek barada teklipler öňe sürüldi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.


08.06.2026 17:48
6.5k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
2.9k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......