Tejende döwrebaplaşdyrylan şäher awtomenzili açyldy

  • 07.03.2026 19:23
  • 14k+

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi. Binanyň durkuny täzelemek işleri ýolagçy gatnatmak hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we şäheriň ulag düzümini ösdürmek maksady bilen amala aşyryldy diýip, Awtomobil ulaglary ministrligi habar berýär.

Awtomenziliň binasy doly täzelendi. Onuň içinde ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredildi. Döwrebaplaşdyrylandan soňra desga adaty tertipde işläp başlady.

Häzirki wagtda awtomenzilden 17 ugur boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary amala aşyrylýar. Bu ugurlar Tejeni diňe bir şäheriň dürli künjekleri bilen däl, eýsem golaýdaky geňeşlikler we ilatly nokatlar bilen hem birleşdirýär.

Garaşsyzlyk, Täze oba, Birleşik, Agalaň, Ak-Altyn, B. Kerbabaýew, Garrygala, Göni Amaşa, Döwletli we Gurbandurdy geňeşliklerine awtobus gatnawy ýola goýuldy. Şeýle hem Bagtyýarlyk, Bitaraplyk we Gaňňaly şäherçelerine yzygiderli gatnawlar amala aşyrylýar.

Mundan başga-da, Babadaýhan etrabyna, şeýle hem Altyn-Asyr we Sarahs şäherlerine çenli ugurlar açyldy.

Bellenilişi ýaly, awtomenziliň täzelenmegi sebitiň ulag mümkinçiliklerini giňeldýär we ýaşaýjylar üçin gatnawlary has amatly edýär. 


şu gün 11:50
340

Täze Guramaçylyk topary atly sport we gözellik bäsleşiklerini geçirmek bilen meşgullanar

1-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti dünýä derejesindäki halkara bäsleşikleri ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi....

düýn 11:16
1.8k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

01.06.2026 16:11
1.8k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:36
2.9k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....