Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

  • 01.06.2026 14:36
  • 3.3k+

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär.

Bu sene iň gadymy halkara baýramçylyklaryň biri bolup, ilkinji gezek ony geçirmek baradaky karar 1925-nji ýylda Ženewada çagalaryň abadançylygyna bagyşlanan Bütindünýä maslahatynda kabul edildi. Resmi taýdаn bolsa 1949-njy ýylda Parižde Zenanlaryň halkara demokratik federasiýasynyň kongresinde esaslandyryldy. Şonda çagalaryň bagtynyň ýeke-täk kepili hökmünde durnukly parahatçylygy üpjün etmek ugrunda yzygiderli göreşmek barada kasam edildi. 1950-nji ýyldan bäri Çagalary goramagyň halkara güni yzygiderli bellenilýär.

Taryhy maglumatlar bu baýramyň näme üçin hut 1-nji iýunda bellenip başlanandygynyň sebäbini anyk aýtmaýar. Ýöne käbir pikirlere görä, 1925-nji ýylyň 1-nji iýunynda Hytaýyň San-Fransiskodaky baş konsuly ýetim galan hytaýly çagalary ýygnap, olar üçin Duan-u sze (aždarha gämileriniň festiwaly) baýramçylygyny gurapdyr. Nähilidir bir tötänlik bilen bu çäre Ženewada geçirilen «çagalar» maslahatynyň wagty bilen hem gabat gelýär.

Baýramyň özboluşly baýdagy bolup, onuň ýaşyl reňki ösüşi we sazlaşygy, ortasyndaky Ýer şarynyň şekili biziň umumy öýümizi, daşyndaky dürli reňkli adam şekilleri bolsa dünýäniň köpdürlüligini hem-de birek-birege bolan sabyrlylygy aňladýar.

Çagalary goramagyň güni – bu diňe bir şadyýan baýram bolman, eýsem ähli çagalaryň bagtyýar bolmagy, okamagy we öz halaýan işi bilen meşgullanmagy üçin jemgyýete körpeleriň hukuklaryny goramagyň zerurdygyny ýatlatmakdyr. Çünki häzirki wagtda bütin dünýäde çagalar ulularyň agressiw çemeleşmeleriniň, internetiň zyýanly täsirleriniň pidasy bolýar, köp sanly Aziýa we Afrika ýurtlarynda çagalar açlyk zerarly bäş ýaşyna ýetmän aradan çykýar. Köp çagalara bolsa sowatsyzlyk, AIW we ýaragly çaknyşyklar howp salýar.

Bu meseleleriň öňüni almak maksady bilen, 1989-njy ýylda BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasy kabul edildi.

Türkmenistanda hem bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň we BMG-niň ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde resmi baýramçylyklaryň sanawyna girizildi. Ýurdumyz 1994-nji ýylda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa goşuldy we şondan bäri ÝUNISEF bilen saglygy goraýyş, bilim hem-de çagalary goramak ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edip gelýär.

Çagalar biziň geljegimiz, öýlerimiziň ýagtysy we durmuşymyzyň manysydyr. Olaryň päkize dünýäsini goramak, mähir we söýgi bilen gurşap almak, sagdyn hem-de ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerine şert döretmek her birimiziň borjumyzdyr.


şu gün 00:57
768

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:51
2.8k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......