15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

  • 01.06.2026 16:11
  • 2.1k+

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti hem-de ýokary hünär ussatlygy göz öňünde tutulyp, 15 sany halyçy zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.

Dabaraly çäreler Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirildi. Bu ýerde nusgawy we häzirki zaman haly sungatynyň kämil eserleriniň ýörite sergisi guraldy. Sergide «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň we hususy halyçylar tarapyndan dokalan ajaýyp halylar hem-de haly önümleri, şeýle hem adaty durmuşda ulanylýan haly önümleri, portret işleri, ýüpek önümleri we amaly-haşam sungatynyň beýleki täsin eserleri görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldular:

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gültäç Geldimuhammedowna Hojamuhammedowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Arazbibi Garlyýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aýgül Rejepowna Kakyşewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Maýsa Gurbansähedowna Nurberdiýewa,
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Daşoguz haly önümhanasynyň halyçysy Kurbanaý Genjaýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Arazgül Bazarbaýewna Agaýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz önümhanasynyň gözegçi ussasy Gülistan Toýlybaýewna Gurbanbaýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Sülgün Agageldiýewna Penjiýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Bahar Haýytdurdyýewna Jumaýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Jennet Jumadurdyýewna Jumageldiýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Altyn Musagulyýewna Algulyýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Aýnabat Baýgeldiýewna Abraýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň «Güneşlik» önümhanasynyň halyçysy Tawus Haýydowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary haly önümhanasynyň gözegçi ussasy Orazgözel Muhammetdurdyýewna Pälwanowa;
  • «Türkmenpagta» döwlet konserniniň Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň halkyň sarp edýän harytlary bölüminiň halyçysy Rabiýa Şerniýazowna Babaniýazowa.

Bu ýokary baýraga mynasyp bolan ussat halyçylar milli mirasy gorap saklamaga, halyçylyk ýörelgelerini we däp-dessurlaryny goldamaga hem-de çeper elli zenanlaryň täze nesillerini ýetişdirmäge berýän aýratyn üns-aladasy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......