Adamzat taryhynda ilkinji gezek asman jisiminiň Gün daşyndaky orbitasy üýtgedildi

  • 11.03.2026 10:04
  • 3.6k+

Halkara astronomlar topary NASA-nyň DART kosmos zondunyň Dimorf asteroidi bilen çaknyşmagynyň Didim we Dimorf goşa asteroidler ulgamynyň Gün daşyndaky hereket traýektoriýasyny üýtgedendigini tassyklady.

Illinoýs ştatynyň uniwersitetinden Rahil Makadiýanyň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar 2022-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň martyna çenli bolan döwürde 22 sany okkultasiýa wakasyny seljerdiler. Şeýle hadysalar mahalynda asteroid uzakdaky ýyldyzyň yşygyny ýapýar, bu bolsa onuň kosmosdaky ýerleşişini takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Çaknyşyk 2022-nji ýylyň sentýabrynda boldy. Ol Dimorfyň has uly bolan Didim asteroidiniň daşyndaky aýlanyşyny üýtgetdi. Mundan başga-da, urgynyň energiýasy bütin ulgamyň massa merkezini süýşürdi, bu bolsa onuň Gün daşyndaky orbitasyna täsir etdi. Didim asteroidiniň hereket tizligi sekuntda 11 mikrometr azaldy. Üýtgeşmäniň örän ujypsyzdygyna garamazdan, alymlar muny kinetik urgy tehnologiýasynyň asteroidleriň ugruny üýtgetmekde täsirli usul bolup biljekdiginiň subutnamasy hasaplaýarlar.


22.04.2026 14:35
6.8k+

Arkadag şäherinde Gün elektrik bekedi we Arkadag merkezi gurlar

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we......

16.04.2026 17:18
3.4k+

Britaniýalylara mugt elektrik energiýasy hödürlener

Şu tomusda Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylaryna elektrik energiýasyny has köp ulanmak üçin şert dörediler. Bu çäre mawy energiýa çeşmelerinden alynýan toguň aşa köpelmegi sebäpli energiýa ulgamyna düşýän agramy......

13.04.2026 14:43
6.4k+

Örän elhenç: 1485-nji ýylyň kitaby orta asyr Ispaniýadaky Gün tutulmasy hakynda gürrüň berýär

Teruel ýepiskoplygynyň arhiwinden 1485-nji ýyla degişli bolan örän seýrek inkunabula (çap maşynynyň ilkinji döwürlerinde çap edilen kitap) tapyldy. Bu kitapda lukman we astrolog Diego de Torresiň 1485-nji......

11.04.2026 10:28
3.9k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......