NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

  • şu gün 12:08
  • 343

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar we 2028-nji ýylda adamyň kosmosa uçuşyna taýýarlyk görmäge niýetlenen robotlaşdyrylan missiýalar arkaly çaltlandyrmak teklip edilýär.

NASA-nyň administratory Jared Aýzekman ozal programmany täzeden gözden geçirmegiň zerurdygyny mälim edipdi. Seredilýän teklipleriň arasynda Aýy özleşdirmegiň başlangyç tapgyrlarynda awtomatlaşdyrylan apparatlaryň roluny giňeltmek hem bar.

MoonFall taslamasy kameralary we ylmy datçikleri göterýän dört dronuň uçurylmagyny göz öňünde tutýar. NASA-nyň Reaktiw hereket laboratoriýasynyň taslama müdiri Reý Beýker her bir dronuň takmynan 50 kilometr meýdany barlap biljekdigini aýtdy.

Taslamanyň tehnologiýalary Ýezero kraterinde 72 uçuşy amala aşyran Ingenuity mars dikuçarynyň tejribesine esaslanýar. Her bir dron takmynan on kamera we ylmy enjamlar bilen enjamlaşdyrylar. Netijede, alnan maglumatlar geljekde gonuljak we infrastrukturanyň ornaşdyryljak ýerlerini saýlamaga kömek etjek Aý üstüniň takyk kartalaryna birleşdiriler.

Enjamlar häzirki wagtda işlenip düzülýär we synagdan geçirilýär. Uçuş imitasiýa synaglaryny şu ýyl, toplumlaýyn barlaglary 2027-nji ýylda geçirmek we 2028-nji ýylda bolsa uçuş meýdançasyna eltmek göz öňünde tutulýar.


11.04.2026 10:28
3.9k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

10.04.2026 10:44
3.8k+

Hindistan kosmonawtlaryny Gimalaý daglarynda synagdan geçirýär

Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) Ladak sebitiniň belent daglyk ýerlerinde kosmonawtlaryň aşa agyr fiziki we psihologik şertlere uýgunlaşmagyny öwrenmäge gönükdirilen täze missiýasyna başlady....

09.04.2026 23:43
3.9k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......

07.04.2026 11:08
3k+

NASA: Orion kosmos gämisiniň astronawtlary şu gün Ýerden rekord aralyga ýetdiler

Orion kosmos gämisiniň ekipažy Ýerden 406,773 kilometr uzaklyga uçup, adamzadyň täze rekordyny goýdy diýip, NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekmanyň sözlerine salgylanýan Bloomberg agentligi habar berýär....