NASA: Orion kosmos gämisiniň astronawtlary şu gün Ýerden rekord aralyga ýetdiler

  • 07.04.2026 11:08
  • 3k+

Orion kosmos gämisiniň ekipažy Ýerden 406,773 kilometr uzaklyga uçup, adamzadyň täze rekordyny goýdy diýip, NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekmanyň sözlerine salgylanýan Bloomberg agentligi habar berýär.

Bu aralyk 1970-nji ýylda Apollo 13 missiýasy tarapyndan geçilen taryhy aralykdan 6000 kilometrden gowrak uzakdyr.

Gämi Aýyň arkasyndan uçup geçýän wagty taryhy sepgit geçildi. NASA bu wakany degişme arkaly belledi: Ýerden ekipaža elektron hat iberildi we bu hat häzirki pursatdan başlap, taryhdaky iň uzak aralyga iberilen şahsy hat bolup durýar. Aýyň daşyndan aýlanýan wagty Orion Aýyň aňyrsyna geçip gözden ýitdi; gämi bilen aragatnaşyk wagtlaýynça kesildi.

Aşgabat wagty bilen sagat 04:25-de, ekipažyň nukdaýnazaryndan Aýyň üstünde «Ýeriň dogmagy» başlandy. Sagat 04:25-de Uçuşlary dolandyryş merkezi kosmonawtlar bilen aragatnaşygy dikeltdi. Şol wagtyň dowamynda kosmonawtlar Aýa gözegçilik etdiler. Missiýanyň bu möhüm tapgyry tamamlanandan soň, gämi yzyna — Ýere tarap ugrady.

Artemis II ekipažynyň düzüminde NASA-nyň kosmonawtlary Rid Waýzman, Kristina Kuk we Wiktor Glower, şeýle hem Kanadanyň kosmos agentliginiň (CSA) wekili Jeremi Hansen bar. SLS raketa-göterijisi 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde NASA-nyň Floridadaky Kennedi adyndaky kosmos merkezinden uçuryldy.

Kosmos gämisi Aýyň üstünden takmynan 8000 kilometr aradaşlykda, orbita girmezden aýlanyp geçer. Bu manýowry tamamlandan soň, ekipaž Ýere gaýdyp geler. Ekspedisiýanyň umumy dowamlylygy 10 güne barabar bolar, bu bolsa 1972-nji ýylda "Apollon" programmasy tamamlanandan bäri uzak kosmosy öwrenmekde iň möhüm tapgyr bolar.


08.06.2026 18:02
4.8k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.6k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......