«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

  • 09.04.2026 23:43
  • 4k+

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem täze suratlar 50 ýyl ozalky «Apollon» döwrüniň suratlaryndan düýpli tapawutlanýar.

Ekipaž tarapyndan düşürilen «Salam, dünýä» (Hello World) atly täze suratda üýtgeşik bir zat bar. Onda, eger ünsli seretseň, Ýeriň hem Demirgazyk, hem Günorta polýuslarynda açyk ýaşyl reňkli yşyklary (polýar şöhlelerini) görüp bolýar.

Hut şonuň üçinem, 1972-nji ýyldaky «Apollo-17» missiýasynyň meşhur suraty bilen täze suraty deňeşdiren ulanyjylaryň köpüsi «Köne suratlar-a has dury we reňkli, täze suratlar näme üçin bulanyk hemem has garaňky?» diýen soragy bermäge mejbur bolýarlar.Dogrudan hem, bu tapawudyň sebäbi nämeden? Kameranyň hilindenmi ýa-da ekologiýanyň üýtgemegindenmi?

NASA-nyň hünärmenleriniň düşündirmegine görä, 1972-nji ýylda astronawtlar plýonkaly kameralary ulanypdyrlar. Plýonka-da, belli bolşy ýaly, reňkleri we kontrasty tebigy ýagdaýda has güýçlendirip görkezýär.

Täze suratlar bolsa Nikon D5 we iPhone ýaly sanly datçikleriň kömegi bilen alyndy. Şeýle-de, häzirki suratlaryň köpüsi bir däl-de, birnäçe suratyň birleşen görnüşidir. 

Şu ýylky suratyň düşürilen wagtynda Ýer şarynyň uly böleginiň kölegede bolandygyny-da bellemek gerek. Şu ýagdaýyň özi-de, ony has symgylt we garaňky görkezip bilýär.

Galyberse-de, NASA-nyň wekili Dewid Melendersiň aýdyşy ýaly, bu suratlaryň esasy gymmat olaryň hilinde däl-de, eýsem tutuş adamzadyň bitewi hem serhetsiz, umumy bir öýde ýaşaýandygyny ýatladyp bilmegindedir.


19.05.2026 16:54
9.3k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......