Meta akylly äýnekleriniň adamlary gizlin synlaýanlygynda aýyplanýar

  • 11.03.2026 13:54
  • 3.1k+

Meta korporasiýasy ABŞ-da emeli aňly «akylly» äýneklerini ulanmakda gizlinlik düzgünleriniň bozulmalary bilen bagly kazyýet şikaýaty bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Muňa Şwesiýanyň Svenska Dagbladet we Göteborgs-Posten gazetlerinde çap edilen makalalar sebäp boldy. Ol makalalarda aýdylmagyna görä, Kenýadaky potratçy kompaniýanyň işgärleri ulanyjylaryň «akylly» äýnekde düşüren şahsy wideoýazgylaryna tomaşa edip bilýän ekenler.

Gürrüň Naýrobidäki Sama atly potratçy kompaniýasy barada gidýär. Onuň işgärleri suratlary gözden geçirip we belläp, emeli aň ulgamlaryny okatmaga kömek edýärler. Neşiriň maglumatyna görä, bu serişdeleriň arasynda bank rekwizitleri, şahsy hatlar we çatlar ýaly derwaýys şahsy maglumatlaryň hem bolmagy ahmal.

Bu habarlardan soň, Beýik Britaniýanyň maglumatlary goramak boýunça gözegçilik müdirligi derňew işlerine başlady. Onuň yzýany ABŞ-da kaliforniýaly Mateo Kanýu we nýu-jersili Jina Bartone kazyýete meňzeş şikaýat bilen ýüz tutdular. Olaryň bähbitlerini goramagy bolsa Clarkson Law Firm hukuk firmasy boýnuna aldy.

Kazyýet şikaýatynda Meta-nyň äýnekleri «gizlinlik göz öňünde tutulyp» döredilen we «ulanyjynyň gözegçiliginde» diýlip häsiýetlendirilýän mahabatlarynyň üsti bilen adamlary aldawa salýandygy aýdylýar. Şol bir wagtda, Meta-nyň hyzmatlary ulanmak düzgünlerinde kompaniýanyň ulanyjylaryň emeli aň bilen özara täsirlerini synlap biljekdigi we şeýle barlagyň awtomat usulda ýa-da el bilen geçiriljekdigi bellenilendir.

Hyzmatlarynyň işini gowulandyrmak üçin käwagt maglumatlary barlamaga potratçylary çekýändigini boýun alýan Meta ulanyjylaryň gizlinligini goramak üçin degişli çäreleri görýändigini nygtaýar.


09.05.2026 00:32
10k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.3k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

05.05.2026 15:24
925

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......