Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer

  • 10.03.2026 18:32
  • 1.5k+

Google kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawdan «aşa hapalaýjylary» aýyrmak üçin 50 million dollar sarp etmäge borçlandy. Bu barada «Datacenter Dynamics» neşiri habar berýär.

Super Pollutant Action başlangyjynyň çäklerinde korporasiýa klimat üçin kömürturşy gazyndan hem has howply bolan metan we ftorly gazlara garşy göreşmäge ünsi jemlär. Taslamanyň guramaçysy hökmünde 100 million dollar möçberinde maýa goýumlary çekmek üçin Amazon we beýleki kompaniýalary jemleýän Beyond Alliance koalisiýasy çykyş etdi. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, global ýylamanyň azyndan ýarysyna hut şu maddalar sebäp bolýar.

Google «super-hapalaýjylaryň» ulanylyşyny azaltmagyň dekarbonizasiýa bilen bir hatarda örän möhüm çäredigini nygtaýar. Beyond Alliance koalisiýasy klimat üçin kesgitleýji hasaplanýan ýakyn onýyllyk üçin iş meýilnamasyny düzmek we ylmy barlaglar bilen meşgullanar. Hususy maýa goýumlaryny ýylylygy çalt azaltmaga we howanyň hilini gowulandyrmaga ukyply tehnologiýalara gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Google eýýäm degişli taslamalary goldap gelýär: 2025-nji ýylyň maýynda kompaniýa Recoolit we Cool Effect startaplaryna kömek etdi, sentýabrda bolsa Vaulted Deep bilen ylalaşyk baglaşdy. Bu tagallalara garamazdan, pudakda garşylykly ýagdaýlar saklanyp galýar. Microsoft-yň «arassa» energiýany ulanmakda üstünlikleri baradaky habarlaryň peýda bolýan wagtynda, 2025-nji ýylda dikeldilýän energiýanyň umumy korporatiw satyn alyşlary on ýyllyk ösüşden soň ilkinji gezek aşak düşdi, maglumat merkezleriniň operatorlary bolsa ekologiýa taýdan howpsuz bolmadyk gaz turbinalaryny ulanmagy dowam etdirýär.


19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

07.06.2026 10:07
3.6k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......