3.2k+

UFC ilkinji gezek Serbiýada ýaryş gurnar

Absolýut söweş çempionaty (UFC) öz taryhynda ilkinji gezek Serbiýada turnir geçirer. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýaryşlar 2026-njy ýylyň 1-nji awgustynda Belgrad şäherinde bolar....

11k+

Konor Makgregora UFC-ä dolanmaga resmi rugsat berildi

«UFC-niň iki agram derejesindäki öňki çempiony, meşhur irlandiýaly söweşiji Konor Makgregor özüne goýlan gadaganlyk möhletiniň tamamlanmagy netijesinde oktagona dolanmaga rugsat aldy» diýip, The Sun neşiri habar berýär...

9.2k+

Oliweýra 11 ýyldan soň Holloueýden ar alyp, BMF guşagynyň eýesi boldy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra amerikaly Maks Holloueýi ýeňip, Las-Wegasdaky «Ti-Mobaýl» arenasynda geçirilen UFC 326 ýaryşynda BMF titulyny gazandy. Agşamyň esasy söweşinde garşydaşlar tutuş bäş raund söweşdi, şondan soň eminler biragyzdan ýeňşi Oliweýra berdi — 50:45...

13k+

Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda kimleriň tutluşjakdygy belli boldy

Şu tomusda taryhda ilkinji gezek UFC ýaryşy Ak tamyň çäginde geçiriler. Indi ýaryşyň doly sanawy hem mälim boldy — guramanyň ýolbaşçysy Dana Uaýt UFC 326 ýaryşynyň dowamynda resmi duşuşyklary yglan etdi. Agşamyň esasy wakasy ýeňil agramda çempionlyk guşagy ugrunda Iliýa Topuriýa bilen Jastin Getjiniň arasyndaky tutluşyk bolar...

7.5k+

Islam Mahaçew dünýäde sambonyň ilçisi boldy

Garyşyk söweş sungaty boýunça russiýaly türgen Islam Mahaçewe «Dünýäde sambonyň ilçisi» diýen hormatly at berildi. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) metbugat gullugy habar berýär. Dabara Moskwada, Lužnikidäki Halkara sambo merkezinde geçirildi...

8.6k+

Indi bolsa gonorarlary hasaplalyň: UFC 324-de kim näçe gazandy?

25-nji ýanwar irden Las-Wegasdaky (ABŞ) "T-Mobile Arena-da" UFC 324 ýaryşy geçdi. Bu ýaryş liganyň şu ýyldaky ilkinji çäresi we Paramount bilen baglaşylan täze şertnamanyň çägindäki ilkinji waka boldy. Ýaryşyň netijeleri boýunça "Sporty Salaries" neşiri söweşijileriň alan gonorarlary baradaky maglumatlary çap etdi...

13k+

Söweş ýatyryldy: UFC söweşijisi agram çekilenden soň dessine huşuny ýitirdi

UFC-niň ýeňil agramdaky söweşijisi Kameron Smazerman agram çekilişikden soň, dessine huşuny ýitirdi. Netijede onuň söweşi ýatyryldy. 28 ýaşly amerikaly türgende agram çekilýän wagty hiç hili mesele ýok ýalydy. Emmä nämüçindir agramy 135,5 funt (61,5 kg) çykan söweşiji tereziniň ýanyndan birnäçe ädim daşlaşyp, ýykyldy...

4.7k+

Israel Adesanýa UFC-de indiki garşydaşyny bildi. Ol Jo Paýfer bolar

Orta agramda UFC-niň öňki çempiony Israel Adesanýa indiki söweşini amerikaly Jo Paýfere garşy geçirer. Söweş 29-njy marta geçilýän gije bolar we Sietlde UFC Fight Night 271 ýaryşynyň esasy wakasyna öwrüler. Jo Paýfer karýerasynda garyşyk başa-baş söweşde 17 ýeňiş gazandy we üç ýeňlişe sezewar boldy...

10k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

5.7k+

Çimaýew Nigma Galaxy kibersport klubunyň ilçisi boldy

Orta agramda UFC-niň çempiony Hamzat Çimaýew BAE-den Nigma Galaxy kibersport klubunyň ilçisi boldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Indi ol klubuň ýaşlar akademiýasynyň höweslendiriji we bilim maksatnamalaryna gatnaşar...