Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

  • 17.12.2025 15:49
  • 10k+

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi.

Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly. Topuriýa soňky aýlarda basyş astynda bolandygyny aýtdy.

«Soňky aýlarda men çynlakaý we ýol berilmesiz basyş, şol sanda maliýe talaplary berjaý edilmese, maşgala zorlugy barada ýalan maglumatlary ýaýratmak haýbatlary bilen ýüzbe-ýüz boldum» — diýip, Topuriýa sosial ulgamlarda ýazdy.

Türgen gorkuzmak bilen baglanyşykly ähli habarlary saklap galandygyny we hukuk goraýjy edaralara ýüz tutandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol kanuny çäklerde hereket etmekçidigini belledi.

«Men kazyýet işine doly ynanýaryn we hukuk ulgamyna subutnamalaryň esasynda faktlary kesgitlemäge rugsat bererin. Çagalaryma we dowam edýän derňew işlerine hormat goýmak bilen, men mundan beýläk köpçülikleýin bildiriş bilen çykyş etmerin» — diýip, söweşiji belledi we şahsy durmuşyna hem maşgalasyna hormaty saklamagy sorady.

Iliýa Topuriýa 28 ýaşynda. Ol erkin titul üçin söweşde braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňenden soň, ýeňil agramda UFC-niň çempiony boldy. Ozal bu kategoriýada guşakdan ýarym orta agrama geçen Islam Mahaçew ýüz öwrüpdi.


düýn 23:43
4.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......