Usman Nurmagomedow PFL-iň titul söweşinden öň Alfi Dewis bilen «bakyşlaryň duelini» geçirdi

  • 04.02.2026 12:15
  • 5.2k+

4-nji fewrala geçilýän gije Dubaýda (BAE) PFL ligasynyň ýeňil agramdaky häzirki çempiony Usman Nurmagomedow bilen çempionlyk guşagyna dalaşgär iňlis pälwany Alfi Dewisiň arasyndaky duşuşykdan öň däp bolan «bakyşlaryň çaknyşygy» boldy. Russiýaly we iňlis türgeniniň arasyndaky bu söweş 7-nji fewralda Dubaýda geçiriljek PFL ýaryşynyň esasy wakasy bolar.

Usman Nurmagomedow tutluşyga 20 ýeňiş we 0 ýeňliş bilen çykýar. Ol professional karýerasynda ýeke gezek hem ýeňilmedi. Alfi Dewisde 20 ýeňiş, 5 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar.
Ýaryşyň ikinji esasy tutluşygy hem çempionlyk ugrundaky söweş bolar. Ýarym orta agramda PFL-iň boş duran guşagy ugrunda russiýaly iki pälwan — Ramazan Kuramagomedow bilen Şamil Musaýew duşuşarlar. Iki pälwan hem öz professional ýolunda entek ýeňlip görmedi.

Esasy tutluşyklar:

  • Usman Nurmagomedow (20–0) — Alfi Dewis (20–5–1)
  • Ramazan Kuramagomedow (13–0) — Şamil Musaýew (20–0–1)
  • Abdul Abduragimow (19–1) — Kendli Sent-Luis (11–5), ýarym orta agram.
  • Hesus Pinedo (25–7–1) — Salamat Isbulaýew (9–0), ýeňilräk agram.

07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......