UFC 324-nyň tutluşyklary: Getji we Pimblett wagtlaýyn çempionlyk ugrunda göreşerler

  • 21.01.2026 23:29
  • 6.9k+

25-nji ýanwarda irden ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde UFC 324 sport şüweleňi geçiriler. Ýaryşyň esasy wakasy — ýeňil agramda (70,3 kg) boş galan wagtlaýyn çempionlyk guşagy ugrundaky göreş bolar. Bu tutluşykda amerikaly Jastin Getji bilen britaniýaly Peddi Pimblett garşylaşar.

Agşamyň ähmiýeti boýunça ikinji söweşinde iň ýeňil agramyň (61,2 kg) öňki çempiony Şon O'Melli hytaýly Sun Ýadun bilen duşuşar. Şeýle hem, deslapky kartada Umar Nurmagomedow bilen Deýwison Figeredonyň arasyndaky garaşylýan söweş yglan edildi.

Esasy tutluşyklar:

  • Jastin Getji (26-5) — Peddi Pimblett (23-3)
  • Şon O'Melli (18-3) — Sun Ýadun (22-8-1)
  • Waldo Kortes-Akosta (16-2) — Derrik Lýuis (29-12)
  • Rouz Namaýunas (14-7) — Natalýa Silwa (19-5-1)
  • Žan Silwa (16-3) — Arnold Allen (20-3)

Deslapky karta (Prelims):

  • Umar Nurmagomedow (19-1) — Deýwison Figeredo (25-5-1)
  • Ateba Abega Gotýe (9-1) — Andreý Pulýaýew (10-3)
  • Nikita Krylow (30–11) — Modestas Bukauskas (19–6)
  • Aleks Peres (25-10) — Çarlz Jonson (18-7)
  • Maýkl Jonson (24-19) — Aleksandr Ernandes (18-8)
  • Joş Hokit (7-0) — Denzel Frimen (7-1)
  • Rikki Tursios (12-5) — Kemeron Smozerman (12-6)
  • Taý Koul Miller (6-0) — Adam Fugit (10-5)

Ýaryş 25-nji ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 04:00-da başlanar. Esasy duşuşyklar sagat 08:00 töweregi başlar. «Матч Боец», «Матч ТВ» teleýaýlymlarynda we UFC Fight Pass platformasynda göni ýaýlymda synlap bilersiňiz.


26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......