Çimaýew Nigma Galaxy kibersport klubunyň ilçisi boldy

  • 26.11.2025 09:37
  • 5.7k+

Orta agramda UFC-niň çempiony Hamzat Çimaýew BAE-den Nigma Galaxy kibersport klubunyň ilçisi boldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär.

Indi ol klubuň ýaşlar akademiýasynyň höweslendiriji we bilim maksatnamalaryna gatnaşar. Çimaýew kibertürgenler bilen duşuşyp, tertip-düzgün, taýýarlyk we türgen hökmünde pikirlenme barada gürrüň berer. Şeýle-de, ol ýaş oýunçylara durnuklylygy, zähmet etikasyny we sanly gurşawa jogapkärli çemeleşigi ösdürmäge kömek eder.

“Çimaýew tertip-düzgüni we tutanýerliligi görkezýär, bu hem biziň klubumyzyň gymmatlyklaryna laýyk gelýär. Onuň bilen hyzmatdaşlyk adaty sport bilen kibersporty birleşdirmegi, şeýle-de ýaşlary topar bolup işlemäge we netijä ymtylmaga ruhlandyrmagy maksat edinýär” – diýip, Nigma Galaxy-nyň esaslandyryjylarynyň biri Mohamed Morad belledi.

Çimaýewiň asly Çeçnýadan, ýöne UFC-de Nigma Galaxy-nyň ýerleşýän ýeri bolan BAE-niň baýdagy bilen çykyş edýär. Sosial ulgamlarda ol ençeme gezek Dota 2 oýny bilen gyzyklanýandygyny görkezipdi. Türgen başga-da birnäçe halkara brendler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Onuň baýlygy 4 mln dollar diýlip hasaplanýar.
Çimaýew UFC-de 2020-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Ol karýerasynda 15 söweşe gatnaşdy we ählisinde ýeňiji boldy. 2023-nji ýylyň güýzünde ýedi söweş barada şertnama baglaşdy. Türgeniň aýtmagyna görä, ýedi ýeňiş oňa, takmynan, 20 mln dollar getirip biler: häzir ýene dört söweş galdy.
Onuň soňky söweşi 17-nji awgustda boldy we GAR-dan Drikus dýu Plessini ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony boldy. Sportskeeda-nyň maglumatlaryna görä, Çimaýewiň söweş haky 1,8 mln dollar boldy – bu karýerasynda iň uly mukdar. Ol UFC-niň taryhynda ýeňlişsiz guşak gazanan 16-njy söweşiji boldy.
Häzir Çimaýew agram derejesine garamazdan UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde dördünji orny eýeleýär. 2025-nji ýylyň sentýabrynda ol sosial ulgamlarda indiki söweşiniň 2026-njy ýylyň iýunynda Ak tamda meýilleşdirilýän UFC ýaryşynda geçip biljekdigine yşarat etdi. Ol rezidensiýanyň siluetini ýatladýan emojini goýup, Braziliýadan ýarym agyr agramda çempion Aleks Pereýra bilen söweş geçirmegi teklip etdi. 


düýn 14:40
3.5k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....