Indi bolsa gonorarlary hasaplalyň: UFC 324-de kim näçe gazandy?

  • 25.01.2026 23:37
  • 8.6k+

25-nji ýanwar irden Las-Wegasdaky (ABŞ) "T-Mobile Arena-da" UFC 324 ýaryşy geçdi. Bu ýaryş liganyň şu ýyldaky ilkinji çäresi we Paramount bilen baglaşylan täze şertnamanyň çägindäki ilkinji waka boldy. Ýaryşyň netijeleri boýunça "Sporty Salaries" neşiri söweşijileriň alan gonorarlary baradaky maglumatlary çap etdi.

Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, ýaryşda iň köp girdeji gazanan söweşiji günüň esasy ýyldyzy Jastin Getji boldy. Ol esasy söweşde Peddi Pimbletti eminleriň karary bilen ýeňip, ýeňil agramda wagtlaýyn çempion boldy. Getjiniň umumy gonorary 892 müň dollar boldy: munuň 750 müň dollary oktagona çykandygy üçin, 100 müň dollary agşamyň iň gowy söweşi üçin berlen bonus we 42 müň dollary hemaýatkärlik tölegleridir.
Ýeňilen Peddi Pimblett 632 müň dollar aldy — 500 müňi söweş üçin, 100 müňi agşamyň söweşi üçin bonus we 32 müňi hemaýatkärlerden.
Umar Nurmagomedow Deýwison Figeredony eminleriň biragyzdan beren karary bilen ýeňdi. Braziliýaly söweşiji agram ölçeginden geçip bilmändigi üçin, esasy gonorarynyň 25%-ni garşydaşyna bermeli boldy. Netijede, Nurmagomedow 340 müň dollar, Figeredo bolsa 245 müň dollar gazandy.
Agşamyň iň gowy çykyşy üçin niýetlenen 100 müň dollarlyk bonusy Joş Hokit we Taý Miller aldylar.
Söweşi wagtyndan öň ýeňiş bilen tamamlandygy üçin 25 müň dollarlyk goşmaça çegi Waldo Kortes-Akosta we Nikita Krylow aldylar.
UFC 324 turniriniň iň ýokary 10 gonorary:

  1. Jastin Getji — $896 000
  2. Peddi Pimblett — $632 000
  3. Şon O’Melli — $521 000
  4. Derrik Lýuis — $420 000
  5. Umar Nurmagomedow — $340 000
  6. Nikita Krylow — $320 000
  7. Çarlz Jonson — $261 000
  8. Deýwison Figeredo — $245 000
  9. Waldo Kortes-Akosta — $235 000
  10. Rouz Namaýunas — $215 000

26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......