UFC-niň çempiony Çimaýew resmi taýdan RAF erkin göreş ligasynyň pälwany boldy

  • 23.04.2026 16:15
  • 10k+

Real American Freestyle (RAF) erkin göreş promouşeniniň metbugat gullugy UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly Hamzat Çimaýew bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu täzelik guramanyň sekizinji belgili ýaryşynyň dowamynda mälim edildi.

UFC-de BAE-niň baýdagy astynda çykyş edýän Çimaýew professional garyşyk söweş sungatynda (MMA) 15-0 rekordy bilen ýeňilmezekligini saklap gelýär. Onuň hasabynda ýedi sany submişn, bäş sany nokaut we eminleriň karary bilen gazanylan üç sany ýeňiş bar. Hamzat MMA-nyň taryhynda iň güýçli pälwanlaryň biri hasaplanýar.

Türgeniň Dana Waýtyň ligasyndaky karýerasy 2020-nji ýylda Jon Fillipsi demikdiriji usul bilen ýeňmegi we täsirli debýuty bilen başlandy. Indi bolsa UFC-niň öňdebaryjy türgenleriniň biri öz güýjüni ýöriteleşdirilen RAF göreş promouşeninde synap görer.

9-njy maýda Nýuarkda (ABŞ) geçiriljek UFC 328 turniriniň baş tutluşygynda Çimaýew Şon Striklende garşy söweşde ilkinji gezek öz guşagyny gorar. Şol söweşiň netijesine garamazdan, Hamzatyň RAF ligasyndaky debýuty ondan soňra bolar.


22.06.2026 14:40
4.3k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......