Konor Makgregora UFC-ä dolanmaga resmi rugsat berildi

  • 22.03.2026 16:26
  • 11k+

«UFC-niň iki agram derejesindäki öňki çempiony, meşhur irlandiýaly söweşiji Konor Makgregor özüne goýlan gadaganlyk möhletiniň tamamlanmagy netijesinde oktagona dolanmaga rugsat aldy» diýip, The Sun neşiri habar berýär.

Çetleşdirilme möhleti 20-nji martda resmi taýdan tamamlandy. Türgen 18 aýlyk bu temmini 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Combat Sports Anti-Doping guramasy tarapyndan, anti-doping düzgünlerini bozanlygy üçin alypdy.

Has takygy, ol mesele gadaganlyga baryp direýänçä özüni-de görkezdi. Adatça türgenleriň duýdansyz doping barlagyndan hem geçirilmesi bar. Makregor hem şeýle ýagdaýlaryň üçüsinde öz ýerleşýän ýeriniň nirededigine yşarat bermän, düzgüni bozdy.

Alnan maglumatlara görä, geçen hepde Makgregoryň wekilleri Las-Wegasda UFC-niň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirdiler. Irlandiýaly söweşijiniň indiki söweşi 11-nji iýulda, UFC 330 turniriniň çäginde bolar diýlip garaşylýar.

Makgregoryň şu ýylyň tomsunda dolanyp gelmek niýetiniň bardygy hakynda öňem eşidilipdi. Ýöne onuň ady Ak tamda geçiriljek bolunýan ýaryşyň sanawynda welin ýok.

37 ýaşly söweşiji 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri resmi söweşlere gatnaşmady. Ol şol gezek Jastin Porýe bilen bolan söweşde aýagyna agyr şikes ýetirip, tehniki nokaut bilen ýeňlipdi.

Konor Makgregor MMA-da 22 ýeňiş we 6 ýeňliş gazandy. 


18.06.2026 22:41
8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......