PFL-iň iň gowy söweşijileriniň ilkinji reýtingi düzüldi: Ýagşymyradow öz agramyndaky diwizionyň üçlüginde

  • 30.01.2026 11:14
  • 16k+

Usman Nurmagomedow agram derejesine garamazdan PFL-iň iň gowy söweşijileriniň taryhda ilkinji resmi reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada promouşeniň metbugat gullugy habar berdi.
Guramanyň Combat Registry portaly bilen bilelikde girizen orunlary paýlamak ulgamy erkekleriň ýedi we zenanlaryň bir diwizionyny öz içine alýar.
Reýtingde türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow hem bar. Ol ýarym agyr agram derejesinde (93 kg çenli) Antonio Karlos kiçiden soň ikinji orny eýeledi. Bu agramda çempionlyk titulyny Kori Anderson eýeleýär (reýtingde çempionlar birinji orundan hem ýokarda hasaplanýar).  
Reýtingler pudagyň bilermenlerinden we metbugat wekillerinden ybarat bolan toparyň ses bermegi arkaly düzülýär. 
Döwletjan geçen ýylyň oktýabr aýynda Dubaýda PFL-iň çempion tituly ugrunda geçiren soňky tutluşygynda eminleriň biragyzdan karar bermeginde Andersondan ýeňildi. Bu şowsuzlyk türkmen türgeniniň yzygider gazanan ýedi ýeňişli tapgyrynyň kesilmegine sebäp boldy.
Umumy reýtingiň lideri Nurmagomedow ýeňil agramda liganyň çempionydyr. Ol 7-nji fewralda Dubaýda britaniýaly Alfi Dewise garşy öz guşagynyň ilkinji goragyny geçirer.


düýn 23:43
3.5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.8k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......