UFC 324-üň netijeleri: Şon O’Melliniň we Umar Nurmagomedowyň ýeňişleri

  • 25.01.2026 14:07
  • 9.8k+

25-nji ýanwarda irden Las-Wegasda (ABŞ) UFC-niň şu ýylda ilkinji ýaryşy UFC 324 geçirildi. Agşamyň esasy tutluşygynda amerikaly Jastin Getji britaniýaly Peddi Pimblett bilen söweşde ýeňil agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagyny gazandy. Ýaryşyň söweşleriniň köpüsi eminleriň karary bilen tamamlandy, nokautlar az boldy. Muňa garamazdan, söweşler çekeleşikli geçdi.
Agşamyň esasy söweşleriniň birinde UFC-niň ýeňilräk agramda öňki çempiony Şon O’Melli bu kategoriýada reýtingiň bäşinji belgili wekili Sun Ýadun bilen duşuşdy. Söweş tutuş üç raund dowam edip, eminleriň biragyzdan karara gelmeginde O’Melliniň 29:28 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Söweşden soň amerikaly söweşiji diwizionyň häzirki çempiony, russiýaly Pýotr Ýany tutluşyga çagyrdy.


Esasy kard:

  • Agyr agramly söweşiji Waldo Kortes-Akosta tehniki nokaut bilen Derrik Lýuisi ýeňdi. Ikinji raundda Lýuis taýyp ýykyldy, Kortes-Akosta bolsa pursatdan peýdalanyp, garşydaşynyň üstünden yzygiderli urgy ýagdyrdy.
  • Natalýa Silwa eminleriň karary bilen Rouz Namaýunasdan üstün çykdy. Zenanlaryň arasynda iň ýeňil agramda (56,7 kg çenli) geçirilen söweş Silwanyň peýdasyna 29:28 hasabynda tamamlandy.
  • Žan Silwa eminleriň biragyzdan beren karary bilen Arnold Alleni ýeňdi (ýarym ýeňil agramda, 65,8 kg çenli).


Deslapky kard:

  • Umar Nurmagomedow eminleriň biragyzdan karar bermegi bilen Deýweson Figeredony ynamly ýeňdi (ýeňilräk agramda, 61,2 kg çenli).
  • Ateba Abega Gotýe utuk boýunça Andreý Pulýaýewden üstün çykdy (orta agramda, 83,9 kg çenli).
  • Nikita Krylow üçünji raundda Modestas Bukauskasy nokauta gidirdi (ýarym agyr agramda, 93 kg çenli).
  • Aleks Peres birinji raundda tehniki nokaut bilen Çarlz Jonsony ýeňdi (iň ýeňil agramda, 56,7 kg çenli).
  • Joş Hokit birinji raundda tehniki nokaut bilen Denzel Frimeni ýeňdi (agyr agramda, 120,2 kg çenli).
  • Taý Koul Miller birinji raundda tehniki nokaut bilen Adam Fugittiden üstün çykdy (ýarym orta agramda, 77,1 kg çenli).

Ýeňil agramda (70,3 kg çenli) Maýkl Jonson bilen Aleksandr Ernandesiň arasyndaky tutluşyk hiç hili sebäp görkezmezden ýaryş güni ýatyryldy. 


26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......