Netflix platformasynda ilkinji gezek MMA söweşi göni ýaýlymda görkeziler

  • 19.02.2026 15:37
  • 4.7k+

Netflix öz taryhynda ilkinji gezek MMA söweşini göni ýaýlymda görkezer. 16-njy maýda geçiriljek bu tutluşygyň gatnaşyjylary Ronda Rauzi we Jina Karano bolar.
Zenan türgenleriň ikisi hem karýerasyny tamamlanlaryndan soň, ýene oktagona dolanýar. Rauzi sportdan 2016-njy ýylda, Karano bolsa 2009-njy ýylda gidipdi. Guramaçylar bu çäräni türgenler üçin bir gezeklik kambek diýip atlandyrýar.
Ýarym ýeňil agramdaky söweş alty burçly gözenegiň içinde bolar we oňa platformanyň ähli agzalary tomaşa edip biler. Çäräniň guramaçylarynyň biri hem Jeýk Pol tarapyndan esaslandyrylan Most Valuable Promotions kompaniýasydyr. Söweş üçin eýýäm karýerasyny tamamlan türgenleriň saýlanyp alynmagy MMA-nyň häzirki ýyldyzlarynyň şertnamalaýyn çäklendirmeleri bilen bagly bolmagy ähtimal.
Netflix üçin bu garyşyk başa-baş söweşleri göni ýaýlyma bermekde ilkinji tejribesidir. Mundan ozal platforma boks duşuşyklaryny, dürli şüweleňleri, sport çärelerini we baýrak gowşurylyş dabaralaryny göni ýaýlymda görkezipdi.


Ronda Rauzi — UFC-niň öňki çempiony we Olimpiýa oýunlarynyň baýrakçysy. Onuň MMA-da 12 ýeňşi we 2 ýeňlişi bar.
Jina Karano — 2006-njy ýylda MMA-da ilkinji gezek çykyş edip, gysga wagtyň içinde zenanlaryň arasynda garyşyk başa-baş söweşleriň iň belli wekilleriniň birine öwrüldi.


düýn 23:43
2.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.8k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......