Ar almagyň wagty geldi: 11 ýyldan soň Holloueý bilen Oliweýra rewanş duşuşygyny geçirer

  • 03.03.2026 17:10
  • 10k+

8-nji martda Las-Wegasda (ABŞ) ýylyň iň garaşylýan ýaryşlarynyň biri bolan UFC 326 geçiriler. Agşamyň esasy wakasy garyşyk söweş sungatynyň iki sany güýçli wekiliniň, ýeňil agramda (70 kg çenli) ozalky çempion, braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen amerikaly Maks Holloueýiň arasyndaky rewanş duşuşygy bolar.
Oliweýra bilen Holloueý ilkinji gezek 11 ýyl ozal, 2015-nji ýylda duşuşypdy. Ýarym ýeňil agramda geçirilen şol tutluşyk ikinji minutda braziliýaly söweşijiniň şikes almagy sebäpli tamamlanyp, janköýerlerde köp sowallary galdyrdy.


Şol söweşden soň Çarlz Oliweýra agramyny kadalaşdyrmakda ýüze çykan kynçylyklar sebäpli, doly ýagdaýda ýeňil agrama geçdi we netijede bu ýerde çempion boldy. Maks Holloueý bolsa uzak wagtlap ýarym ýeňil agramda (66 kg çenli) galdy we çempionlyk guşagyny eýeläp, ony birnäçe gezek goramagy başardy.
Häzirki wagtda bu söweşijileriň ikisi hem ozalky çempionlar bolup, UFC-niň taryhynda iň beýik türgenleriň hataryna girýär. Rewanş söweşi diňe häzir — Holloueý doly derejede ýeňil agrama geçip, BMF guşagyny eýeläninden soň mümkin boldy.
Indi Las-Wegasda Holloueý özüniň bu guşagyny gorar, Oliweýra bolsa diňe bir köne ýeňlişiň aryny almaga däl, eýsem bu abraýly baýragyň taryhda dördünji eýesi bolmaga mümkinçilik gazanar.
Esasy söweşleriň ýene birinde orta agramly (84 kg çenli) braziliýaly söweşiji Kaýo Borralýo bilen gollandiýaly Renýe de Ridder duşuşar. Ýaryş Newada ştatynyň meşhur «Ti-Mobile Arena» desgasynda — MMA dünýäsiniň iň uly we girdejili wakalarynyň geçirilýän ýerinde bolar.
Söweşlere Матч ТВ we Матч Боец teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda tomaşa edip bolar. Şeýle-de, tutluşyklar UFC Fight Pass platformasynda elýeterli bolar. Esasy kard Aşgabat wagty bilen sagat 07:00-da başlar.


18.06.2026 22:41
8.4k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......