Aljameýn Sterling Ýussef Zalaldan üstün çykdy: UFC Fight Night 274 ýaryşynyň netijeleri

  • 26.04.2026 18:10
  • 5.6k+

26-njy aprelde Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) «UFC Fight Night 274» ýaryşy tamamlandy. Agşamyň esasy tutluşygynda UFC-niň iň ýeňil agramyndaky öňki çempiony, amerikaly Aljameýn Sterling ýarym ýeňil agramyň reýtinginde ýedinji orunda durýan marokkoly Ýussef Zalal bilen duşuşdy.

Göreş bäş raundlap dowam edip, eminleriň biragyzdan karar bermeginde Sterlingiň ýeňşi bilen tamamlandy.
Bu ýeňiş Aljameýn Sterling üçin yzly-yzyna ikinji şowly netije boldy. Indi onuň rekordynda 26 ýeňiş (olaryň 11-si möhletinden öň) we bäş ýeňliş bar. Professional sporta ol 2011-nji ýylyň aprelinde gelipdi.
Onuň garşydaşy Ýussef Zalalyň bolsa hasabynda 18 ýeňiş (14-si möhletinden öň), alty ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.

UFC Fight Night 274 ýaryşynyň beýleki duşuşyklarynyň netijeleri:

  • Aljameýn Sterling Ýussef Zalaly eminleriň biragyzdan beren karary bilen ýeňdi;
  • Žoselin Eduards Norma Dýumonty eminleriň biragyzdan beren karary bilen ýeňdi;
  • Rafa Garsiýa Aleksandr Ernandesi eminleriň biragyzdan beren karary bilen ýeňdi;
  • Deýwi Grant Adrian Luna Martinettini eminleriň biragyzdan beren karary bilen ýeňdi;
  • Raoni Barselos Montel Jeksony eminleriň garyşyk karary bilen ýeňdi;
  • Raýan Spänn Markus Almeýdany ikinji raundda nokaut bilen ýeňdi;
  • Erik Makkoniko Rodolfo Wiýeýrany eminleriň biragyzdan beren karary bilen ýeňdi;
  • Jekson Makweý Sedrik Dýumany birinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňdi;
  • Mişel Montegýu Maýra Bueno Silwany eminleriň biragyzdan beren karary bilen ýeňdi;
  • Kodi Dýurden Žafel Filýony eminleriň biragyzdan beren karary bilen ýeňdi;
  • Frensis Marşall Lukas Brennany eminleriň biragyzdan beren karary bilen ýeňdi.

07.06.2026 20:02
6.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.9k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.6k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......