Aleks Pereýra UFC-niň taryhynda iň uly şertnama gol çekdi: bir söweş üçin $10 mln

  • 29.03.2026 15:17
  • 11k+

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) braziliýaly söweşijisi Aleks Pereýra UFC bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy we guramanyň taryhynda iň ýokary kepillendirilen zähmet hakyny alýan türgen boldy.

Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, onuň bir söweş üçin girdejisi 10 million dollar möçberinde bolar. Şertnama sekiz söweş üçin niýetlenendir we 38 ýaşly söweşijiniň UFC-däki karýerasynyň jemleýji tapgyry bolar diýlip garaşylýar.

Ylalaşyga gol çekilendigi barada on gün ozal mälim boldy. Täze şertnama, hakykatda, Pereýranyň hut şu guramanyň çäklerinde karýerasyny tamamlajakdygyny aňladýar.

Täze ylalaşyk boýunça ilkinji tutluşyk agyr agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagy ugrunda fransuz Siril Gana garşy bolar. Ol 14-nji iýunda Ak tamyň golaýynda geçiriljek ýaryşda bolup, agşamyň ikinji esasy wakasyna öwrüler.

Ozal Pereýra ýarym agyr agramda çempionlyk titulyny boşatdy, ol bu guşagy geçen ýylyň oktýabr aýynda Magomed Ankalaýew bilen bolan rewanş tutluşygynda gaýtaryp alypdy.

Söweşiji eýýäm orta agramda UFC-niň çempiony bolupdy. Eger ol öňümizdäki söweşde ýeňiş gazansa, guramanyň taryhynda üç agram derejesinde çempionlyk guşagyny alan ilkinji türgen bolup biler.


18.06.2026 22:41
8.4k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......