EA täze UFC simulýatoryny yglan etdi — oýun 19-njy iýunda çykar

  • 30.04.2026 16:03
  • 4.6k+

Electronic Arts kompaniýasy garyşyk söweş sungaty boýunça täze EA Sports UFC 6 simulýatoryny resmi taýdan yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda PlayStation 5 we Xbox Series pristawkalarynda çykar, eýýäm öňünden sargytlar kabul edilip başlandy.

Habar berlişi ýaly, oýnuň adaty wersiýasynyň bahasy 70 dollara, Ultimate Edition görnüşiniň bahasy bolsa 100 dollara deň. Giňeldilen wersiýany satyn alanlar oýna 12-nji iýundan başlap elýeterli bolar.

Oýnuň adaty wersiýasynyň ýüzi hökmünde braziliýaly söweşiji Aleks Pereýra çykyş etdi, Ultimate Edition wersiýasynyň ýüzüni bolsa Maks Holloueý bezedi.

Giňeldilen wersiýa UFC-niň sekiz söweşijisini öz içine alýan Fighter Pass, 2027-nji ýylyň tomsuna çenli çykjak iki sany iri goşundyly Expansion Pass, şeýle-de VIP Pass we iki skin hem 500 teňňe bilen Rivalry Bundle toplumlary girýär.

Oýny işläp düzüjiler kämilleşdirilen urgy ulgamyny, täzeden işlenen animasiýalary we täze «täsirli sýužetli» režimleri wada berýär. Häzirlikçe giňişleýin maglumatlar ýok we oýnuň treýleri görkezilmedi.

Şeýle hem, oýnuň PK üçin niýetlenen görnüşiniň hem taýýarlanýandygy barada tassyklanmadyk resmi däl maglumatlar bar.


07.06.2026 20:02
6.8k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.9k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......