Getji UFC 324-de Pimblettden üstün çykyp, guramanyň wagtlaýyn çempiony boldy

  • 25.01.2026 13:22
  • 6.1k+

25-nji ýanwarda irden Las-Wegasda (ABŞ) UFC 324 ýaryşy geçirildi. 2026-njy ýylda guramanyň ilkinji söweş agşamynyň esasy wakasy amerikaly Jastin Getji bilen britaniýaly Peddi Pimblettiň arasynda ýeňil agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagy üçin söweş boldy.
Söweş tutuş bäş raund dowam edip, emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde Getjiniň 48–47, 49–46, 49–46 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Duşuşygyň barşynda amerikaly söweşiji has takyk urgular bilen tapawutlanyp, birnäçe gezek söweşi möhletinden ir tamamlamaga ýakyn boldy, ýöne Pimblett ahyryna çenli durmagy başardy.
Ýeňiş Jastin Getjä ýeňil agramda UFC-niň wagtlaýyn çempion titulyny almaga mümkinçilik berdi. Indiki söweşde ol, ähtimal, Iliýa Topuriýa garşy çykyp biler.
Häzirki wagtda Getjiniň professional karýerasynda garyşyk başa-baş söweşde 27 ýeňiş we bäş ýeňliş bar. Peddi Pimblett üçin bu ýeňliş UFC-de ilkinji boldy. Onuň MMA-da umumy hasaby 23 ýeňişden we dört ýeňlişden ybarat. 


26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......