UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

  • 07.12.2025 21:24
  • 14k+

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy. Ol bu gezek 2023-nji ýylda Dwalişwiliden ýeňlendigi üçin öç aldy.

Söweş bäş raund dowam etdi. Ýan öz garşydaşyndan has işjeň hereket etmäge çalyşdy we yzly-yzyna urgy urdy. Birinji raundda ol gruziýaly söweşijini sag eli bilen urup silterledi. Şondan soň Merab garşydaşyny birnäçe gezek partere geçirmäge synanyşdy, ýöne Ýan ynamly gorandy. Üçünji raundda Pýotr aýagy bilen garşydaşynyň böwrüne güýçli urgy urdy. Şondan soň ol söweşiň gidişini ynamly saklady.
Bäş raundyň jemi boýunça eminler ýeňşi Pýotr Ýana berdi. Bu ýeňiş onuň üçin yzygider dördünji boldy, ol çempionlygy yzyna gaýtaryp aldy. Dwalişwili üçin bu titulyň dördünji goragydy, ozal ol Umar Nurmagomedowdan, Şon O’Melliden we Kori Sendgahenden üstün çykdy.
Ýene bir esasy söweşde iň ýeňil agramda çempion Aleksandr Pantoža (Braziliýa) Joşua Wana (Mýanma) garşy söweşde guşagy gorady. Söweş Wanyň birinji raundyň eýýäm 26-njy sekuntynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy: haý-kik urgusyndan soň Pantoža eliniň üstüne ters düşüp, tirsegini çykardy. Joşua Wan garşydaşynyň şikesiniň agyrdygyna düşünip, ony urmakdan saklandy. Ahyrynda eminler ýeňşi Wana berdi, Pantoža bolsa titulyny ýitirdi. Braziliýaly söweşiji karýerasynda altynjy ýeňlişine sezewar bolup, sekiz ýeňişden ybarat tapgyrynyň arasyny üzdi. Wanyň hasabynda indi iki ýeňliş bilen 20 ýeňiş bar.
UFC 323 ýaryşynyň esasy söweşleriniň netijeleri:

  • ·Pýotr Ýan emin agzalarynyň biragyzdan goldamagynda Merab Dwalişwilini ýeňdi.
  • ·Joşua Wan tehniki nokaut (el şikesi) bilen Aleksandr Pantožany ýeňdi.
  • ·Tasuro Taýra tehniki nokaut bilen Brendon Morenony ýeňdi – ikinji raund.
  • ·Peýton Talbott emin agzalarynyň biragyzdan ses bermeginde Genri Sehudony ýeňdi.
  • ·Ýan Blahowiç bilen Bogdan Guskowyň söweşi deňme-deňlikde tamamlandy. 

18.06.2026 22:41
7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
13k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......