Getji UFC-niň ýeňil agramly iň gowy söweşijileriniň reýtinginde Sarukýandan öňe geçdi

  • 30.01.2026 12:48
  • 5.2k+

Amerikaly Jastin Getji ýeňil agramda UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde birinji orny eýeläp, Arman Sarukýany ikinji orna düşürdi. Bu barada promouşeniň resmi saýty habar berýär.
Sanawdaky üýtgeşmeler Las-Wegasda geçirilen UFC 324 ýaryşyndan soň bolup geçdi. Şol ýaryşda Getji britaniýaly Peddi Pimbleti ýeňmegi başardy, bu hem oňa ýeňil agramda wagtlaýyn çempion titulyny gazanmaga mümkinçilik berdi. Bu agram derejesinde häzirki çempion Ispaniýanyň wekili Iliýa Topuriýa bolmagynda galýar.
Diwizionyň iň güýçli bäş türgeniniň sanawyna braziliýaly Çarlz Oliweýra, amerikaly Maks Holloueý we Pimblett hem girýär.
Mundan ozal birinji orny eýeläp gelen Arman Sarukýan ikinji orna düşdi. 29 ýaşly söweşiji noýabryň ahyrynda Katardaky ýaryşda geçiren soňky tutluşygynda Täze Zelandiýanyň wekili Den Hukeri ýeňdi.


düýn 23:43
3.5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.8k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......