Söweş ýatyryldy: UFC söweşijisi agram çekilenden soň dessine huşuny ýitirdi

  • 24.01.2026 16:58
  • 13k+

UFC-niň ýeňil agramdaky söweşijisi Kameron Smazerman agram çekilişikden soň, dessine huşuny ýitirdi. Netijede onuň söweşi ýatyryldy.

28 ýaşly amerikaly türgende agram çekilýän wagty hiç hili mesele ýok ýalydy. Emmä nämüçindir agramy 135,5 funt (61,5 kg) çykan söweşiji tereziniň ýanyndan birnäçe ädim daşlaşyp, ýykyldy. Lukmanlar oňa zerur kömegi berdiler.
25-nji ýanwaryň ir säherinde Smazerman Las-Wegasda geçiriljek UFC 324-de amerikaly Riki Tursios bilen söweşmelidi. Ýüze çykan waka sebäpli söweş, elbetde, ýatyryldy.
Kameron Smazerman 2024-nji ýyldan bäri UFC-de bäsleşýär. Onuň gurama bilen üç söweşiniň  biri ýeňiş, ikisi ýeňliş bilen tamamlandy.


düýn 18:18
3.3k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......