UFC 323-de iki çempionlyk söweşi geçiriler: Dwalişwili – Ýan we Pantoža – Wan

  • 05.12.2025 16:42
  • 11k+

7-nji dekabrda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçiriler we onuň çäginde iki titul söweşi bolar.

Agşamyň esasy wakasynda has ýeňil agramda çempion Merab Dwalişwili (Gruziýa) 2025-nji ýylda eýýäm dördünji titul goragyny geçirer. Onuň garşydaşy titulyň öňki eýesi Pýotr Ýan (Russiýa) bolar. Türgenler ozal 2023-nji ýylyň martynda duşuşypdy we şol wagt gruziýaly söweşiji emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňiş gazandy.
Ýene bir esasy wakada iň ýeňil agramda titul goragy geçiriler. Çempion Aleksandr Pantoža (Braziliýa) Joşua Wan (Mýanma) bilen duşuşar.
Şeýle-de, ýaryşyň esasy sanawynyň çäklerinde guramanyň iki agramda öňki çempiony Genri Sehudonyň (ABŞ) hoşlaşyk söweşi bolar. Ol Peýton Talbotta (ABŞ) bilen söweşer.
Özbegistanyň wekili Bogdan Guskow UFC-niň öňki çempiony Ýan Blahowiçe (Polşa) garşy söweşde ýarym agyr diwizionyň öňdebaryjy bäş söweşijisiniň hataryna girmek mümkinçiligini gazandy.
Ýaryş 7-nji dekabrda irden bolar. Esasy sanawyň söweşleri Aşgabat wagty bilen 8:00 töweregi başlar.
Esasy sanaw:

  • ·Merab Dwalişwili – Pýotr Ýan
  • ·Aleksandr Pantoža – Joşua Wan
  • ·Brendon Moreno – Tasuro Taira
  • ·Genri Sehudo – Peýton Talbott
  • ·Ýan Blahowiç – Bogdan Guskow.

düýn 23:43
4.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......